Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ABŞ-nyň Ukraina harby taýdan kömek bermäge başlandygyny aýtdy.
Zelenskiý anna güni eden çykyşynda “Hem ABŞ-dan, hem-de Ýewropadaky dostlarymyzdan gowy habarlardan aldyk. Habarnamalara laýyklykda ýarag kömegi täzeden başlady” diýdi.
Zelenskiý, ukrainaly harby ýolbaşçylaryň öňümizdäki hepde ABŞ-nyň Ukraina boýunça ýörite wekili Kellog bilen duşuşjakdygyny aýtdy.
Ukrainanyň lideri, “Öňümizdäki hepde Amerikalylar bilen harby tadýan gepleşikler geçireris. Harby ýolbaşçylarymyz general Kellog bilen işleşer”diýip belledi.
Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Kellog bir hepdelik iş sapary bilen duşenbe güni Kiýewe geler.
Rimde geçirlen Ukraina konferensiýasyna gatnaşan Kellog metbugata beren beýannamasynda “Duşenbe güni Kiýewe bararys. Hepdäniň dowamynda möhüm gepleşikler geçireris” diýipdi.
Hüjümler güýçlenýär
Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümlerini artdyrýan döwründe harby taýdan möhüm gepleşikler geçirler. Hepdäniň dowamynda Russiýa tarapyndan uçarmansyz howa ulagy bilen hüjümler guraldy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, penşenbe güni beren beýannamasynda, ABŞ-nyň NATO arkaly Ukraina ýarag berjekdigini we duşenbe güni Russiýa hakynda möhüm beýannama berjekdigini mälim etdi.
Tramp geçen hepde beren beýannamasynda, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň hüjümler we atyşygyň bes edilmegi boýunça ähli arzuw-hyýalyny puja çykarandygyny aýdypdy.