SYÝASAT
1 minut okamak
Erdogan “Terrorsyz Türkiýe düşümli bolar”diýdi
Prezident Erdogan, “Ýurdumyzyň howpsuzlygy, halkymyzyň durnuklylygy we sebitimizde yzygderli parahatçylygyň ýola goýulmagy maksadymyza ýetmegi beýik biribardan dileýärin” diýdi.
Erdogan “Terrorsyz Türkiýe düşümli bolar”diýdi
6 hours ago

Prezident R. T. Erdogan, PKK-ly terrorçylaryň ýaraglaryny taşlamagyndan soň, terrordan saplanan Türkiýäniň eşretli gelejegi üçin edilýän tagallalaryň düşümli bolmagyny dileýändigini aýtdy.

Erdogan anna güni X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Ýurdumyzyň howpsuzlygy, halkymyzyň durnuklylygy we sebitimizde yzygderli parahatçylygyň ýola goýulmagy maksadymyza ýetmegi beýik biribardan dileýärin” diýdi.

PKK-ly terrorçy topar, Yragyň demirgazygynda Süleýmaniýe etrabynda ýaraglaryny ýakdy.

Terror guramasy dargady

15-i zenan PKK-ly terrorçy topar uly gazanyň içinde ýaraglaryny ýakdy.

Maý aýynda terror guramasynyň dargamagy we ýaraglaryny taşlamagy boýunça karar kabul edilipdi.

Fewral aýynda terror guramasy PKK-nyň tussaglykdaky ýolbaşçysy Abdullah Öjalanyň guramanyň we gurama bilen arabaglanşykly toparlaryň dargamagyny we 40 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ýaragly göreşiň bes edilmegini talap edýändigi mälim edilipdi.

Türkiýe, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kabul edilen PKK 40 ýyldan gowrak wagt bäri guraýan terrorçylykly hüjümlerinde zenanlar, çagalar we ýaşulylar bilen birlikde 40 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us