Halkara Atom energiýasy agentliginiň (UAEA) Ukrainadaky Zaporožýe atom elektrik bekedinde (ZNPP) iş alyp barýan topar, golaýdaky sebitde partlamalaryň sesini eşitdiler we tüssäniň çykandygyny habar berdiler.
UAEA tarapyndan şenbe güni berlen beýanata görä, Zaporožýe atom elektrik bekedindäki topar, bekediň golaýyndaky desgalaryň birine hüjüm guralandygyny mälim etdiler. UAEA-nyň başkygy rafael Grossiniň beýanatyna salgylanylyp: “ZNPP-däki topar partlamalaryň sesini eşitdiler we şenbe güni bekediň golaýyndaky sebitde tüsse gördüler” diýip aýan edildi.
ZNPP resmileri, beketden 1200 metr uzaklykda ýerleşýän desganyň ýerli wagt bilen sagat 09:00-da başlan artilleriýa we dronlar bilen hüjüme sezewar galandygyny topara habar berdiler.
Sebitden çykýan tüssäniň günortan hem görülendigi mälim edildi.
Bu waka, soňky hepdelerde we aýlarda ZNPP töweregindäki konfliktlerden döreýän ýadro howpsuzlygy töwekgelçiligi baradaky aladalary artdyrdy.
Ukrainanyň paýtagtynyň harby dolanşygy Telegram platformasyndan beren beýanatynda, Russiýanyň ýekşenbe güni irden Kiýew şäherine raketa hüjümini amala aşyrandygy aýan edildi.
Şaýatlar ýekşenbe güni gije şäheri sarsdyran güýçli partlamalaryň sesini eşitdiler.