DÜNÝÄ
2 minut okamak
Saud Arabystanynyň Şazadasy Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
Saud Arabystany bilen Eýran sebitde durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär.
Saud Arabystanynyň Şazadasy Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
9시간 전

Saud Arabystanynyň mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman, Jidde-de Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen duşuşdy.

Abbas Arakçi geçen aý Eýran bilen Ysraýylyň arasynda bolan we 12 gün dowam eden söweşden soň Eýran tarapyndan Saud Arabystanyna ilkinji ýokary derejeli sapary gurady.

Saud Arabystanynyň resmi SPA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, sişenbe güni bolan duşuşykda, özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerildi.

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi saparynyň çäginde Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Şazada Faýsal bin Fergan Al Suud we Goranmak minisrti Halid bin Salman bilen duşuşdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Beýaýi, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda duşuşyklary “netijeli” hökmünde häsiýetlendirdi.

Eýran dilomatiýa goldaw berýär

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, “Finansial Taýmes” gazetinde çap edilen makalasynda, “ABŞ-nyň ilçisi bilen 9 hepde-de geçiren 5 gepleşigimizde, Baýden hökümeti bilen 4 ýylda geçiren ýadro gepleşiklerinden has netijeli gepleşikler geçirdik. 13-nji iýunda Ysraýylyň howa hüjümlerine başlamagyndan 48 sagat öň 6-njy gepleşikleriň geçirilmegi üçin taýarlyk görýärdik” diýdi.

Eýranyň diplomatiýa goldaw berýändigini aýdan Arakçi, “ABŞ, bu meseläniň çözülmegini isleýän bolsa, adalatly ýagdaýda ylalaşyk gazanylmagy üçin taýardygyny görkezmeli” diýdi.

Arakçi, Eýranyň BMG-nyň gözegçiliginde parahatçylykly maksatly ýadro meýilnamasyny dowam etdirjekdigine ünsi çekdi.

Ysraýyl bilen bolan çaknyşyk hakynda hem durup geçen Arakçi, Tähranyň hüjümlere degişli gaýtawuly görkezendigini ýatlatdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp duşenbe güni Ak Tamda Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen bolan duşuşygynda Eýran bilen gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy. Tramp “Duşuşyk isleýärler” diýip belledi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us