DÜNÝÄ
2 minut okamak
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde 2 adam ýogaldy, ABŞ Ukraina ýarag kömegini bermäge dowam eder
Russiýanyň Ukrainanyň paýtagtyy Kiýewe guran hüjümi 10 sagada golaý dowam etdi.
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde 2 adam ýogaldy, ABŞ Ukraina ýarag kömegini bermäge dowam eder
منذ 11 ساعات

Russiýa düýn gije Kiýewe uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurady. Ýolbaşçylara görä, hüjümlerde iki adam ýogaldy, azyndan 16 adam ýaralandy. Dron we raketa hüjümleri sebäpli paýtagtyň 5 etrapçasynda ýangyn boldy.

Şäher häkimi Witaliý Kliçkon täsirsiz ýagdaýda getirlen raketalaryň we uçarmansyz howa ulagynyň binalara zeper ýetirendigini we ýangyna sebäp bolandygyny aýtdy.

ABŞ Ukraina has köp ýarag berer

Şäher häkimi Witaliý Kliçkon hüjümde iki adamyň ýogalandygyny mälim etdi. Ýaralanan 16 adamdan 10-ny hassahanada berjergi astyna alyndy. Şäheriň ýaşaýjylaryna tüsse sebäpli penjirelerini ýapmaklary üçin çagyryş berildi.

Hüjüm sebäpli paýtagt Kiýewe hem uly zeper ýetirildi. Öýlere we binalara zeper ýetirildi.  Hüjüm sebäpli 4 etrapçada ýangyn boldy. Obuhow etrapçasynda ýaralanan 1 adam hassahanada bejergi astyna alyndy.

Bir gün ozal Russiýanyň söweşiň başyndan bäri ilkinji gezek Ukraina garşy 728 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygy habar berlipdi.

Russiýa 4-nji iýulda guran hüjüminde 539 uçarmansyz howa ulagy bilen 11 raketa ulandy. 29-njy iýunda guralan hüjümde bolsa 537 sany uçarmansyz howa ulagynyň ulanylandygy habar berlipdi.

 

“Nýu Ýork Taýmes” gazetiniň habaryna görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Ukrainanyň bu basyşlara çydap bilmejekdigini nygtaýar.

ABŞ birnäçe gün ozal Pentagynyň ýarag ätiýajynyň doly barlanmagy üçin Ukraina berilýän ýarag kömegini saklapdy.

Emma ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, Russiýanyň Ukraina guraýan soňky hüjümlerinden soň Kiýewe patriot howa goranyş ulgamlarynyň berilmegini isledi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us