DÜNÝÄ
2 minut okamak
Kiýew: Russiýa Ukraina garşy “iň uly howa hüjümini” amala aşyrdy
Kiýew beren beýanatynda 296 uçarmansyz howa ulagynyň we 7 raketanyň täsirsiz ýagdaýa getitilendigini, emma beýleki 415 uçarmansyz howa ulagynyň radardan ýitendigini ýa-da täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.
Kiýew: Russiýa Ukraina garşy “iň uly howa hüjümini” amala aşyrdy
14 hours ago

Kiýew Russiýanyň Ukraina bilen üç ýyllyk urşunda şu günki güne çenli ýurduň günbataryny nyşana alýan iň uly raketa we uçarmansyz howa ulagy hüjümini amala aşyrandygyny aýtdy.

Ukrainanyň harby-howa güýçleri çarşenbe güni beren beýanatynda, Russiýanyň 728 uçarmansyz howa ulagy we 13 raketa bilen hüjüm gurandygyny, howa goranyş ulgamlarynyň bolsa 711 uçarmansyz howa ulagyny saklandygyny we azyndan ýedi raketany ýok edendigini aýtdy.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý: “Bu möhüm hüjüm, parahatçylygy ara alyp maslahatlaşmak we ýaraşyk ylalaşygy ýola goýmak tagallalarynyň güýçlenýän pursatyna gabat geldi. Emma Russiýa bu tagallalary ret etmäge dowam edýär” diýip belledi.

Zelenskiý ýaranlary Russiýanyň uruş býujetiniň esasy girdeji çeşmesi bolan energiýa pudagyny nyşana alýan Russiýa garşy sanksiýalary güýçlendirmäge çagyrdy. Bu pudak Russiýanyň uruş býujeti üçin möhüm girdeji çeşmesi.

Zelenskiý: “Hyzmatdaşlarymyz Russiýa garşy täze hüjümleri däl-de, urşy bes etmegi göz öňünde tutjak görnüşde nähili basyş etmelidigini bilýärler” diýdi.

Ýurduň günbataryndaky Lutsk şäheriniň häkimi Igor Polişçuk bir "kärhanada" ýangynyň ýüze çykandygyny we hiç hili ýaralanmanyň ýokdugyny aýtdy.

Soňky hüjüm şu aýyň başynda Russiýanyň 550 uçarmansyz howa ulagy we raketa bilen guran ozalky hüjüminden hem uly boldy.

Bu hüjüm Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ukraina käbir ýarag üpjünçiligini azaltmak baradaky öňki kararyny üýtgetmeginden soň guraldy.

Ukrainanyň prezidentiniň baş kömekçisi Andriý Ýermak sosial mediada hasabyndan beren beýanatynda: “Russiýanyň bu hüjümi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bize ýarag üpjün etjekdigini aç-açan yglan eden wagtyna gabat gelmegi köp zady görkezýär” diýdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us