TÜRKIÝE
1 minut okamak
Erdogan “Russiýa-Ukraina söweşi bes edilmeli”diýdi
Prezident R. T. Erdogan, Awstriýanyň Premýer-ministri Kristina Stoker bilen özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.
Erdogan “Russiýa-Ukraina söweşi bes edilmeli”diýdi
7 hours ago

Prezident R. T. Erdogan, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşiň bes edilmegi üçin uly pursadyň dörändigini we bu pursatdan ýerlikli peýdalanylmalydygyny aýtdy.

Kommunikasiýalar edarasynyň penşenbe güni beren beýannamasyna görä, Erdogan Awstriýanyň Premýer-ministri Kristina Stoker bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeginiň diýseň möhümdigini nygtady.

Türkiýäniň Siriýada durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýändigini aýdan Erdogan, siriýaly bosgunlaryň ýurtlaryna dolanmaklary üçin amatly şertiň döredilmeginiň möhümdigini belledi.

Türkiýe bilen Awstriýanyň söwda we maýa goýum mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmalydygyny aýdan Erdogan, özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us