Daşary işler ministriniň orunbasary Burhanettin Duran penşenbe güni Resmi gazetde çap edilen Prezidentiň karary bilen Türkiýäniň Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy wezipesine bellendi.
Burhanettin Duran 2018-nji ýylyň 25-nji iýulyndan bäri bu wezipäni ýerine ýetirýän Fahrettin Altunyň ýerine Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy wezipesine bellendi.
Fahrettin Altun bolsa Türkiýäniň Adam hukuklary we deň-dukuklyk geňeşiniň başlyklygyna bellendi.
Bogaziçi uniwersitetiniň Syýasat bilimi we halkara gatnaşyklar bölümini tamamlan Burhanettin Duran, Bilkent uniwersitetinden Syýasat bilimi boýunça doktorlyk derejesini aldy.
Ozal SETA gaznasynyň utgaşdyryjysy wezipesini ýerine ýetiren Duran, 2018-nji ýylda Prezidentiň Howpsuzlyk we daşary syýasat geňeşiniň agzalygyna bellenipdi. Burhanettin Duran 2024-nji ýylyň maý aýyndan bäri Daşary işler ministriniň orunbasary wezipesini ýetine ýetirýärdi.
Fahrettin Altun sosial media arkaly beren habarnamasynda wezipesinden çekilendigini mälim etdi. Altun Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy wezipesini ýerine ýetiren döwründe 7 ýylyň dowamynda özüne uly ynam bildiren we uly goldaw beren Prezident R. T. Erdogana minnetdarlyk bildirdi.
Duran bilen uzak yllardan bäri ýakyndan işleşýändigini nygtan Altun, “kärdeşim we doganym Burhanettin Durana täze wezipesinde rowaçlyk arzuw edýärin” diýdi.