DÜNÝÄ
1 minut okamak
TRT Balkan iki baýraga mynasyp boldy
Aida Kaukowiçiň “Potoçaride Ramazan: Şol döwürde we häzirki wagtda” atly blogy/wloga uly baýraga mynasyp boldy, Haris Domazetiň “Srebrenisanyň 354 güni” atly gepleşigi hem iň gowy telewideniýe gepleşigi hökmünde saýlandy.
TRT Balkan iki baýraga mynasyp boldy
6 hours ago

TRT Balkan iki sany “Nino Çatiç” žurnalistika baýragyna mynasyp boldy. Bu baýraklar alty ýyldan bäri Srebrenisa we onuň pajygaly taryhyna bagyşlanan iň gowy žurnalistika işlerine berilýär.

Prodýuser Aida Kaukowiçiň “Potoçaride Ramazan: Şol döwürde we häzirki wagtda” atly blogy/wloga uly baýraga mynasyp boldy, prodýuser Haris Domazetiň “Srebrenisanyň 354 güni” atly gepleşigi hem iň gowy telewideniýe gepleşigi hökmünde saýlandy.

Bu baýraklar TRT Balkanyň žurnalistleriniň taýarlaýan gepleşiklerine we duýgudaşlyklaryna minnetdarlyk bildirmek maksady bilen berildi.

Žurnalistler genosidiň başdan geçirilmeginden 13 ýyl soň hem hakykady ýatlatmak üçin başdan geçirlen wakalary arman-ýadaman ýazga geçirmäge dowam edýär.

“Nino Çatiç” žurnalistlika baýragy “Biti nowinar” jemgyýety tarapyndan berilýär we 1995-nji ýyldaky soňky habarnamasy bilen edilýän jenaýatlary bütin dünýä radio arkaly ýetiren Srebreniýasy žurnalist Nihad Nino Çatiçiň adyny göterýär.

Nino Çatiçiň jesedi heniz tapylmasada, onuň mirasy, hakykatlary halka ýetirmek üçin alyp baran göreşi žurnalistlere ylham berýär we nesilden nesile geçmek bilen dowam edýär.

“Biti nowinar” jemgyýeti 2019-njy ýyldan bäri Çatiçiň we beýleki Srebrenisaly žurnalistleriň hormatyna bu baýragy berýär, şol bir wagtda hem ýaş nesilleri hakykatlary derňemäge we bellige almaga höweslendirýär.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us