Taryhy Aýasofýa metjidinde 2020-nji ýylyň iýul aýynda muzeýden metjide öwrülmeginiň 5-nji ýyly bellenilip geçilýär.
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Aýasofýanyň açylmagynyň 5 ýyllygy mynasybetli X platformasyndan ýörite ýüzlenme çap etdi.
Erdogan: “5 ýyl ozal zynjyrlary döwülip azanyň ýaňadandan ýaňlanan Aýasofýa nesip bolsa baky ýagdaýda azat galar” diýdi.
Erdogan beýanatynda şeýle hem Resmi gazetde çap edilen we Aýasofýanyň Din işleri guramasyny geçirilmegini üpjün eden Prezidentiň kararnamasyny hem paýlaşdy.
Ybadat edilýän ýer we Syýahatçylyk merkezi
Aýasofýa Stambul zabt edilýänçä çenli 916 ýyl buthana hökmünde hyzmat etdi, ondan soň 1453-nji ýyldan 1934-nji ýyla çenli bolan aralykdaky 500 ýyl töweregi metjit hökmünde ulanyldy we soňky 86 ýyl bolsa muzeý hökmünde işledi.
Prezident Erdogan we beýleki türk liderleri Aýasofýanyň ýaňadandan ybadata açyk bir metjit hökmünde ulanylmalydygyny aýdýardylar.
19-njy iýulda kazyýetleriň biri Aýasofýany muzeýe öwüren 1934-nji ýyldaky Ministrler Geňeşiniň kararyny ýatyrdy we metjit hökmünde ulanylmagynyň öňüni açdy.
2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda ilkinji juma namazy 86 ýyldan soň Aýasofýa metjidinde okaldy.
Aýasofýa metjit bolmakdan başga-da, Türkiyäniň iň möhüm syýahatçylyk ýerleriniň biridir we ýerli we daşary ýurtly myhmanlar üçin açykdyr.
Aýasofýa 1985-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.