Türkiýäniň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, sişenbe güni Bagdatda yrakly ýolbaşçylar bilen möhüm duşuşyklar geçirdi.
Saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerde serhetde howpsuzlygyň güýçlendirilmegi we terrora garşy alnyp barylýan göreş meselesi seljerildi.
Kalyn saparynyň çäginde ilki Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa as Sudany bilen duşuşdy we Prezident Abdullatif Raşid tarapyndan kabul edildi. Kabul edilşige Yragyň Daşary işler ministri we Wise-premýer Fuad Hüseýin hem gatnaşdy.
Türkiýäniň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Yragyň Goranmak ministri Sabit Abbasi, Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Hamid Al Şatri we Wekiller mejlisiniň başlygy Mahmud al Meşhedani bilen hem möhüm duşuşyk geçirdi.
Sebitara we halkara meseleler hem saparyň gün tertibinde esasy orun eýeledi.
Kalyn yrakly ýolbaşçylar bilen Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky dartgynlyk bilen taraplaryň arasynda gazanylan ylalaşykda ýetilen soňky sepgit hakynda pikir alyşdy.
Ibrahim Kalyn Yrak Türkmen frondynyň başlygy Seman Agaogly bilen hem duşuşdy. Kalyn duşuşykda türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan sebitleriniň howpsuzlygy we golaýlan saýlawlar üçin görülýän taýarlyklar hakynda maglumat aldy.