ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio we Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I söwda, goranmak we beýleki meseleler boýunça dartgynlyklar dowam edýärkä, anna güni Malaýziýada ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşikler geçirerler.
"Waşington Post" gazetiniň habaryna görä paýtagt Kuala-Lumpurda ASEAN-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde geçiriljek bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm öwrülişik bolmagyna garaşylýar.
ABŞ we Hytaý ASEAN-yň agzalary bolmasa-da, iki ýurt hem Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryny öz tarapynda çekmäge synanyşýarlar. Şeýle-de bolsa, sebit ýurtlary tarap saýlamak biýunça seresap çemeleşýärler.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň yglan eden meýilnamasyna görä Rubio we Wan anna güni öýlän duşuşyk geçirerler.
Rubio, penşenbe güni Wan bilen geçirjek duşuşygynda Pekiniň Ukrainadaky uruşda Russiýa berýän godlawyny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Rubio Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygyndan soň, "Hytaýlylar Russiýanyň tagallalaryny aç-açan goldaýarlar. Meniň pikirimçe, umuman alanyňda, ruslara mümkin boldugyça kömek etmek isleýär" diýdi.