DÜNÝÄ
1 minut okamak
Germaniýa: Hytaý Gyzyl deňiziň çäklerinde uçan uçarymyzy lazer bilen nyşana aldy
Berlin Hytaýa degişli gäminiň Gyzyl deňizdäki nemes uçaryny lazer bilen nyşana alandygyny öňe sürdi
Germaniýa: Hytaý Gyzyl deňiziň çäklerinde uçan uçarymyzy lazer bilen nyşana aldy
5 hours ago

Berlin sişenbe güni beren beýanatynda, Hytaý goşunynyň Gyzyl deňizdäki deňiz hereketini goramak boýunça ÝB-niň ýolbaşçylygyndaky missiýa gatnaşan nemes uçaryny lazer bilen nyşana alandygyny aýtdy.

Germaniýanyň Daşary işler ministrligi X platformasyndan beren beýatynda: "Nemes işgärlerine howp salmak we operasiýany bozmak düýbünden kabul ederliksiz" diýdi. Şeýle hem Pekiniň Berlindäki ilçisiniň duşuşyga çagyrylandygy habar berildi.

Germaniýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary, nemes uçarynyň Gyzyl deňziň üstündäki Aspides missiýasyna gatnaşan mahaly "hiç hili sebäpsiz ýa-da öňünden habar berilmezden" nyşana alnandygyny aýan etdi.

Ministrlik Hytaý gämisiniň "nemes işgärlerine we enjamlaryna howp abandyrandygyny" mälim etdi.

Metbugat wekili şol wakadan soň Germaniýa degişli uçaryň wezipesinden ýüz öwrüp, Jibutidäki bazasyna gaýdyp gelendigini aýtdy.

Lazeriň ýaragmy ýa-da lazer bilen dolandyryş ulgamymy entek näbelli bolmagynda galýar.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us