Ukrainanyň Pyýada goşunlarynyň serkerdeliginden berlen beýannama görä, Russiýanyň guran raketa hüjüminde Ukrainadaky harby tälim merkezi nyşana alyndy. Hüjümde 3 esger ýogaldy, 18 esger bolsa ýaralandy.
Pyýada goşunlarynyň serkerdeligi Telegramdan beren beýannamasynda “Şu gün 29-nji iýulda duşman, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Pyýada goşunlarynyň serkerdeligine degişli harby tälim merkeziniň ýerleşýän sebitine raketa hüjümini gurady” diýildi.
Beýannamada, görlen degişli howpsuzlyk çärelerine garamazdan gynansakda hüjümde adam pidasy çekildi. Sagat 21.30-a çenli 3 esger ýogaldy, 18 esger ýaralandy” diýildi.
Beýannamada, hüjümiň nirede guralandygy hakynda bolsa maglumat berilmedi.
Hüjümiň Ukrainanyň demirgazyk serhediniň golaýynda ýerleşýän Çernihow sebitinde guralandygy öňe sürüldi.
Russiýanyň iýun aýynda hem Ukrainanyň merkezinde ýerleşýän başga bir tälim merkezine guran hüjüminde 12 esger ýogalypdy, onlarça esger ýaralanypdy.
Hüjüm sebäpli Ukrainanyň Pyýada goşunlarynyň serkerdesi wezipesinden çekilipdi.