“Gündogar-Günbatar Dostluk we parahatçylyk rallisi” jemgyýeti tarapyndan gurnalan we Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan goldanýan “Dunaýdan Orhuna Ýüpek ýoly rallisi” Türkmenistanda dowam etdi. 20 ýaşdan uly ulaglara birek-birege kömek etmek arkaly kyn kursy tamamlamagy maksat edinýän ralli Gazagystana tarap ýola çykdy.
Germaniýadan Türkmenistana on müň kilometr ýoly, Garagum çölüni geçip, Türkmenistandaky Garagum Ýalkymynda durdular. Gollandiýadan, Germaniýadan, Belgiýadan, Bolgariýadan, Italiýadan, Beýik Britaniýadan we Türkiyeden 12 bäsdeşiň gatnaşýan “Dunaýdan Orhuna çenli Ýüpek ýoly rallisi” Türkmenistanda dowam etdi.
“Gündogar-Günbatar Dostluk we parahatçylyk rallisi” jemgyýetiniň başlygy Nadir Serin: “11-nji maýda Stambul şäherindäki Soltanahmetde başlandan soň, Türkiye tapgyry başlandy. Aksaraýda ilkinji gezek rallide çäre geçirdik. Ulaglarymyzyň birini howa şaryna dakdyk we şar bilen ýokary galdyrdyk. Soň bolsa Kars şäherine gitdik. Şol ýerde, Karahan obasyndaky kömek taslamasynyň çäginde oýunjaklar berdik, soň bolsa Eýrana gitdik, düýn bolsa Türkmenistana geldik. Bu ýerdäki maksat, sosial taslamalary we geçýän ýerlerimizi has gowy tanatmak” diýip belledi.
Ýaryşa gatnaşyjy, Murat Özkasym: “Bu ýaryş däl, bu sözüň doly manysynda bilelikde, jebis bolup gatnaşyjylaryň, ulaglaryň biri-birinde kömek berip, şol bir ýoly geçmek üçin döredilen dostluk rallisi. Hiç haçan biri-birimizi ýolda goýmaýarys, elmydama birek-birege goldaw berýäris. Bir dostumyzyň 1987-nji ýyldaky modeli awtoulagy bar, ýöne biz ony ýolda saklaýarys” diýdi.
Ondan soň ulaglar Aşgabat şäherinden Jähennem derwezesi diýip atlandyrylýan Garagum ýalkymyna tarap ugur aldylar. Mundan ýüzlerçe ýyl ozal taryhy Ýüpek ýolunyň ugrunda düýe kerwenleriniň geçen ýoldan indi bolsa ralli ulaglary geçdi. Türkistan ýurtlaryny geçmegi meýilleşdirýän ralli Gyrgyzystanda tamamlanar.