Türkiýäniň goranmak senagatynyň öňdebaryjy kompaniýasy “Aselsan” ýylyň ilkinji alty aýynda göni we aýlawly eksport şertnamalarynyň jemi 1,3 milliard dollar möçberinde baglaşylandygyny mälim etdi. Kompaniýa eksport ugruna gönükdirilen ösüş strategiýasyny "ygrarlylyk" bilen dowam etdirýär.
2025-nji ýylyň birinji alty aýynda Aselsanyň girdejisi 53,7 milliard türk lirasy (1,32 milliard Amerikan dollary) bolup, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 11,3 göterim ýokarlandy. Bu ösüş howa goragy, elektro-optika, radar, awionika, elektron söweş, howpsuzlyk we ýarag ulgamlary ýaly ugurlarda dowam üpjünçilikler bilen baglanyşyklydyr.
Ýylyňbirinji ýarymynda täze şertnamalaryň jemi 2,8 milliard dollara ýetip, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 10 göterim ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde jemi sargytlar 30 göterim ýokarlanyp, 16 milliard dollara ýetdi.
Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 15 göterim hakyky ösüş bilen, göni amallardan gazanylan göterimden öňki girdeji (EBITDA) 319,7 million dollar bolup, 25 göterim girdeji derejesine ýetdi. .
2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda ylmy-barlag (R&D) çykdajylary geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42 göterim ýokarlanyp, 572 million dollara ýetdi. Şol bir wagtda, infrastruktura maýa goýum çykdajylary 100 göterim ýokarlanyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse artdy we 104 million dollara ýetdi.
Aselsanyň baş direktory Ahmet Akyol 2025-nji ýylyň birinji alty aýynyň maliýe jemlerini seljerip, kompaniýanyň 2024-nji ýylda işe ulanmaga berilen Aselsan NEXT maksatnamasy bilen güýçli maliýe depginine eýe bolandygyny aýtdy.
"Ikinji çärýekde gazanylan netijeler 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda şol depgini dowam etdirendigimizi ýene-de bir gezek tassyklady," diýip, Akyol belledi.
"Bu üstünligiň üç esasy sebäbi bar: birinjisi-ýokary tehnologiýaly önümlere we önümleri gysga möhletde çykarmaga üns bermek, ikinjisi- netijeliligi ýokarlandyrmak, we üçünjisi-ýerlileşdirme tagallalary" diýip, ol nygtady.
Akyol Aselsanyň hümmetiniň 21 milliarda dollara ýetendigini belläp, bu ösüşiň maýadarlaryň ynamynyň we uzak möhletleýin mümkinçiliklerine bolan ynanjynyň anyk subutnamasydygyny aýtdy.
"Ýylyň ikinji ýarymynda hem şol bir erjellik bilen öňe gitmegi dowam etdireris. K&Ö we maýa goýumlarymyzy dowam etdireris, esasan hem howa goranyş, radar,y döwrebap ok-däri, ýol görkeziji ulgamlar we elektro-optika ýaly möhüm ugurlarda köpçülikleýin önümçilik kuwwatymyzy artdyrarys. Eksport ugruna gönükdirilen ösüş strategiýamyz bilen täze bazarlara gireris," diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.