Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň resmi görkezijilerine görä, Ysraýyl 2023-nji ýylyn oktýabr aýyndan bäri Gazada 18 müň 500-den gowrak çagany öldürdi.
Ministrligiň görkezijilerine görä, şehitleriň birnäçesi dünýä inen ilkinji günlerinde öldürildi.
Bäbejikleriň bir bölegi dünýä inenden birnäçe sagat soň Ysraýylyň bombaly hüjümlerinde ýada howa hüjümlerinde ýogaldy.
Ministrligiň görkezijilerine görä, şehitleriň arasynda doglan güni öldürlen 9 bäbejik, dünýä inen gününden bir gün soň öldürlen 5 bäbejik, ikinji gününde öldürlen 8 bäbejik bilen üçinji gününde öldürlen 8 bäbejik bar.
Ministrlik öldürlen çagalaryň arasynda 1 aýlyk 88 bäbejigiň, 2 aýlyk 90 bäbegiň we 3 aýlyk 78 bäbegiň bardygyny mälim etdi.
Ysraýylyň harby goşuny 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde häzire çenli 60 müň 200-den gowrak palestinlini öldürdi.
Gazany 18 ýyldan bäri gabaw astynda tutýan Ysraýyl 2-nji mart ähli geçelgeleri ýapdy we sebite ynsanperwer kömeginiň girmegini bökdedi. 2,4 millionlyk ilata eýe bolan sebitde şertler gün saýyn agyrlaşýar.
Gazanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Baş müdüri Munir Al Berş, 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň gabawy sebäpli emele gelen köpçülikleýin açlyk zerarly ýogalan palestinlileriň sanynyň 159 adama ýetendigini we şolaryň arasynda 90 çaganyň bardygyny mälim etdi.
Munir Al Berş, “Olar birden ölmedi, olar her gün, her sagat iýmit we derman ýetmezçiligi, zuluma we açlyga biperwaý çemeleşýän halkara ulgamyň dymmagy sebäpli ýogaldy” diýdi.
Al Berş, “Her san bir at. Her çaga bolsa arzuw hyýaldy, umytdy. Her şehide günde diňe bir gezek nahar we süýt gerekdi” diýip belledi.