Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, Türkiýeden Siriýa ilkinji gezek tebigy gazyň akdyrylmaga başlanandygyny mälim etdi.
Türkiýe-Siriýa tebigy gaz turba geçirijisiniň açylyş dabarasynda çykyş eden Baýraktar, Azerbaýjandan gelen tebigy gazyň Türkiýäniň Siriýa serhedinde ýerleşýän Kilis şäherinden üstaşyr Siriýa eksport ediljekdigini aýtdy.
Kilisden Siriýanyň Halap şäherine çenli uzap gidýän turba geçirijiniň abatlaýyş işleri 21-nji maýda tamamlanypdy.
Ministr Baýraktar ýylda 2 milliard kub metrlik tebigy gazyň Siriýa eksport ediljekdigini we gazyň 5 million hojalygyň elektrik togy bilen üpjün edilmeginde uly rol oýnajakdygyny aýtdy.
Siriýada 2011-nji ýylda başlan içerki uruş ýurduň energiýa infrastrukturasyna uly zeper ýetiripdi.
Önümçilik desgalaryna, elektrik geçiriji liniýalaryna we tebigy gaz ulgamlaryna uly zeper ýetirlendigi sebäpli käbir sebitlere günde diňe 3-4 sagatlygyna elektrik togy berildi.
2024-nji ýylyň dekabr aýynda Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň Siriýada wagtlaýyn hökümet guruldy we ýurduň gaýtadan dikeldiş etaby başlady.
Energiýa infrastrukturasynyň durkuny täzelemek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi.
Siriýanyň gaýtadan dikeldiş etabyna uly goldaw berýän Türkiýe ozal Siriýanyň demirgazygyna çäkli mukdarda elektrik togyny beripdi.