TÜRK DÜNÝÄSI
2 minut okamak
Nobel baýragynyň eýesi Aziz Sanjar, DKTR-nyň raýatlygyna kabul edildi
Ýygy-ýygydan DKTR-na barýan we onuň garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmegi üçin tagalla edýän Sanjar, DKTR-nyň ylmy we medeni derejesini ýokarlandyrar.
Nobel baýragynyň eýesi Aziz Sanjar, DKTR-nyň raýatlygyna kabul edildi
2025. augusztus 4.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň hökümeti, Amerikada ýaşaýan türk alymy, Nobel baýragynyň eýesi Aziz Sanjaryň DKTR-nyň raýatlygyna kabul edilendigini mälim etdi.

Resmi gazetde çap edilen kararda, Aziz Sanjaryň ylmy, medeni we tehnalogiýa taýdan ýurduň galkynyşyna goşant goşjakdygy we DKTR-nyň halkara derejesinde ykrar edilmegine goldaw berjekdigi nygtaldy.

Ýygy-ýygydan ada barýan Sanjar, Ýakyn Gündogar uniwersitetiniň Sintetiki biologiýa we tehnalogiýa merkeziniň ylmy toparynyň hatarynda ýer alýar we uzak ýyllardan bäri DKTR-nyň ykrar edilmegine goldaw berýär.

“DKTR ykrar edilmeli”

Aziz Sanjar, 2022-nji ýylda Prezident R. T. Erdoganyň BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda DKTR-nyň ykrar edilmegi boýunça beren çagyryşynyň yzy ýanyndan sosial media arkaly ýüzünde “DKTR ykrar edilmeli” diýlip ýazylan eşigi bilen düşürlen foto suratyny paýlaşdy.

Sanjaryň ada bilen baglanşygy, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar bilen edýän gatnaşygy we Prezidentiň Saglyk işleri boýunça kömekçisi Prof. Nedime Serakynjy bilen hyzmatdaşlygy netijesinde has- da güýçlendi.

Sanjar DNA abatlaýyş işleri baradaky ylmy işi bilen 2015-nji ýylda Nobel Himiýa baýragyny aldy.

Onuň ylmy işi öýjükleriň ýagtylyk we toksinler ýaly faktorlar sebäpli zeper ýetirlen DNA-nyň nähili bejerilýändigini görkezdi we rak keseliniň bejergisinde, genetiki barlaglarda hem-de şahsylaşdyrlan lukmançylyk ugurlarynda uly öňe gidişlige sebäp boldy.

 

 

 

Aziz Sanjar, 2022-nji ýylda Prezident R. T. Erdoganyň BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda DKTR-nyň ykrar edilmegi boýunça beren çagyryşynyň yzy ýanyndan sosial media arkaly ýüzünde “DKTR ykrar edilmeli” diýlip ýazylan eşigi bilen düşürlen foto suratyny paýlaşdy.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us