Ysraýyl, Britaniýanyň hökümetiniň, Tel-Awiwiň Gazadaky wagşyçylygyň ortadan aýrylmagy üçin degişli çäre görmän halatynda sentýabr aýynda Palestin döwletini ykrar etmek baradaky kararyny ret etdi we bu başlangyjy “Hamasy sylaglandyrmak” hökmünde häsiýetlendirdi.
Ysraýylyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni beren beýannamasynda “Britaniýanyň, Fransiýanyň göçümi we içerki syýasy basyşlar sebäpli tutumyny üýtgetmegi, Hamasy sylaglandyrmak bolar we Gazada atyşygyň bes edilmegi we ýesirleriň boşadylmagy üçin edilýän tagallalara zeper ýetirer” diýdi.
Britaniýanyň Premýer-ministri Keir Starmer Ysraýyl Gazadaky genosidi bes etmek üçin anyk başlangyç etmän we yzigderli parahatçylyga goldaw bermän halatynda hökümetiniň sentýabr aýynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde Palestin döwletini ykrar etjekdigini aýtdy.
Starmer “Eger Ysraýyl Gazadaky rehimsiz hüjümleri bes etmek üçin anyk başlangyç etmän, atyşygy bes etmän we yzygiderli parahatçylyga goldaw bermän halatynda, Britaniýa sentýabr aýynda Palestini ykrar eder” diýdi.
Geçen hepde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem Fransiýanyň sentýabr aýynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde Palestin döwletini ykrar etjekdigini aýdypdy.
Palestin häzire çenli BMG-na agza 193 ýurtdan 149-y tarapyndan ykrar edildi. Ysraýylyň 2023-nji ýylyň otýabr aýyndan bäri Gaza guraýan hüjümleri sebäpli Palestin döwletini ykrar eden ýurtlaryň sany artýar.
Britaniýa Ysraýyla garşy ýurduň içinde hem-de halkara derejesinde artýan bagyşlar sebäpli şeýle karar kabul etdi.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümleri sebäpli häzire çenli 60 müňden gowrak palestinli ýogaldy.
Duşenbe güni Ysraýylly adam hukuklary guramalary “BT selam” bilen “Ysraýylyň lukmanlary” Ysraýylyň hökümetini Gazada genosidi dowam etdirmekde günäkärledi.
Ýokarda ady agzalýan guramalar tarapyndan berlen bilelikdäki beýannamada, palestin halkynyň ulgamlaýyn ýok edilmegine we sebitdäki saglygy goraýyş ulgamynyň çökmegine üns çekildi.
Noýabr aýynda Halkara Jenaýat kazyýety, Gazadaky harby jenaýatlary sebäpli Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen ozalky Goranmak ministri Ýoaw Gallandyň tussag edilmegi barada karar kabul edipdi.
Ysraýylyň Gazadaky genosidi sebäpli Halkara Adalat diwanynda hem iş gozgalypdy.