BMG-nyň ynsanperwer kömek boýunça ýokary derejeli resmisi, Gazada gumanitar şertleriň gün saýyn agyrlaşýandygy dogrusynda duýdurş berdi.
BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary we ynsanperwer kömek boýunça ýokary derejeli resmisi Tom Fletçer, ýekşenbe güni beren beýannamasynda, Ysraýylyň ynsanperwer kömek mukdaryny bir hepde möhlet bilen artdyrmak hakyndaky kararyna garamazdan, gytlygyň öňüni almak üçin köp mukdarda ynsanperwer kömeginiň zerurdygyny nygtady.
Fletçer X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Gazadaky gumanitar şertler gün saýyn agyrlaşýar. Gazada her üç adamdan biri birnäçe günden bäri nahar iýmedi. Ynsanlar diňe maşgalalaryny doýurmak üçin azyk almaga çalyşýarka öldürilýär” diýdi.
Ilkinji habarnamalar, 100-den gowrak ynsanperwer kömek konteýneriniň Gaza serhedinde garaşýandygyny görkezýär.
BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary we ynsanperwer kömek boýunça ýokary derejeli resmisi Tom Fletçer, gazalylara gyssagly we yzygiderli ýagdaýda ynsanperwer kömeginiň we ýangyjyň ýetirilmegini talap etdi.
Fletçer “Ynsanperwer kömegi bökdelmeli däl, gijä galmaly däl we hüjümlere sezewar bolmaly däl” diýip duýdyryş berdi.
BMG-nyň ähli ýesirleriň gyssagly we şertsiz boşadylmagyny talap edýändigini aýdan Fletçer “Elbetde arakesmä däl we hüjümleriň yzygiderli bes edilmegine zerurlyk bar” diýdi.
Genosid
Ysraýylyň Gazadaky genosidinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 60 müň palestinli öldürildi.
WAFA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä 11 müňe golaý palestinli hem harabalygyň aşagynda galdy.
Hünärmenler Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde 200 müňe golaý adamyň ýogalandygyny nygtaýar.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Halkara Jenaýat kazyýeti, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu we ozalky Goranmak ministri Ýoaw Gallandyň Gazadaky harby jenaýatlary sebäpli tussag edilmegi boýunça karar kabul etdi.
Halkara Adalat diwanynda hem Ysraýylyň harby jenaýatlary sebäpli genosid işi gozgaldy.