DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistan Hindistanyň Inda suw şertnamasyny saklamagy meselesini gün tertibine getirdi
Pakistanyn Daşary işler ministri Ishak Dar, Nýu-Ýorkda Antoniu Guterreş bilen duşuşyp, Kaşmir meselesi hakynda pikir alyşdy.
Pakistan Hindistanyň Inda suw şertnamasyny saklamagy meselesini gün tertibine getirdi
July 22, 2025

Pakistanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Daşary işler ministri Ishak Dar, Nýu-Ýorkda BMG-nyň Baş sekretarlygynda Antoniu Guterreş bilen bolan duşuşygynda, Hindistanyň Inda suw şertnamasyny saklamagy meselesini gün tertibine getirdi.

Pakistanyň Daşary işler ministri we Wise-premýer Dar, ABŞ-na guraýan 8 günlük iş saparynyň çäginde, BMG-nyň Baş sekretary Guterreş bilen duşuşdy.

Duşuşykda Pakistan üçin ähmiýetli bolan birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kaşmir meselesi we Inda suw şertnamasy meselesi bilen terrora garşy göreş meselesi gün tertibine getirildi.

Hindistan, aprel aýynda Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmirde şahsyýety näbelli ýaragly adamlaryň 26 syýahatçyny öldürmeginden soň onlarça ýyllyk suwyň paýlanşyny üpjün edýän şertnamany saklapdy.

Pakistanyň Daşary işler ministri Dar, Kaşmir meselesiniň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlaryna laýyklykda adalatly ýagdaýda çözülmegi üçin çagyryş berdi.

Dar, BMG-nyň Baş sekretary Guterreşiň Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlygyň gowşamagy üçin edýän içgin tagallasyna kanagatlanma bildirdi.

Duşuşykda, Pakistanyň Palestin döwletine güýçli goldaw berýändigini aýdan Dar, Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini ýazgardy we Gazada atyşygyň gyssagly bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

Dar, Pakistanyň BMG-nyň sebitara we halkara meseleleriň çözülmegi üçin edýän tagallasyna goldaw berýändigini nygtady.

BMG-nyň Baş sekretary Guterreş bolsa Pakistanyň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi derejesinde edýän diplomatik tagallalary barada öwgüli sözler aýtdy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us