Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara, penşenbe güni beren beýannamasynda, Ysraýylyň sebitiň durnuklylygyny bozmak isländigini, emma döwletiň we töwellaçylaryň tagallasy netijesinde Ysraýylyň meýilnamasynyň öňüniň alynandygyny aýtdy.
Prezident Şara halka ýüzlenip eden çykyşynda “Biz söweşmekden gorkmaýarys. Agyr günleri başdan geçirdik emma halkymyzy goradyk. Siriýalylaryň bähbitlerine ileri tutdyk” diýdi.
Ysraýylyň asuda ilaty we döwlet eýeçiligindäki edaradyr-kärhanalary nyşana alan hüjümlerine garamazdan döwletiň durnuklylygy ýola goýandygyny nygtan Şara, Amerikanyň, Arap ýurtlarynyň we Türkiýäniň sebitde durnuklylygyň ýola goýulmagynda uly rol oýnandygyny ýatlatdy.
Ysraýylyň harby goşuny çarşenbe güni, dürzüleri goramak bahanasy bilen paýtagt Damask bilen birlikde Süweýda we Dera howa hüjümini
Içeri işler ministrligi, hüjümlerde 30-dan gowrak adamyň ýogalandygyny, 100-e golaý adamyň hem ýaralanandygyny mälim edipdi.