Italiýanyň Premýer-ministri Meloni, penşenbe güni beren beýannamasynda, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde sebitdäki ýeke-täk katolik buthanasynyň nyşana alynandygyny mälim etdi.
“Ysraýyl Gaza guraýan hüjümlerinde keramaly maşgala buthanasyny hem nyşana aldy” diýen Meloni, asuda ilata garşy guralýan hüjümleriň kabul edilmesizdigini belledi.
Hüjümde, Palestinadaky ýeke-täk katolik buthanasy bolan Keramatly maşgala buthanasyna uly zeper ýetirildi.
Watikan hüjüm hakynda heniz hiç hili beýannama bermedi.
Ysraýylyň harby goşuny waka bilen arabaglanşykly işiň gozgalandygyny aýan etdi.
“Kabul edilmesiz”
Italiýanyň ANSA habarlar gullugy hem hüjümlerde iki zenanyň ýogalandygyny, 6 adamyň agyr ýaralanandygyny habar berdi.
Ysraýylyň palestinlilere guraýan hüjümleri hakynda yzygiderli ýagdaýda merhum Papa Fransiske maglumat beren buthananyň ruhanysy Gabriele Romanelliniň aýagyndan ýeňil ýaralanandygy nygtaldy.
“Ysraýyl Gaza guraýan hüjümlerinde keramaly maşgala buthanasyny hem nyşana aldy” diýen Premýer-ministr Meloni, asuda ilata garşy guralýan hüjümleriň kabul edilmesizdigini ýatlatdy.