Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Siriýanyň günortasynda ýerleşýän Süweýda welaýatynda ýaragly Dürzi we Bedewi toparlaryň arasynda başdan geçirlen çaknyşyklardan soň täze ylalaşyk gazanyldy.
Siriýadaky Dürzi ruhany lideri Şyh Ýusuf Jarbu çarşenbe güni beren beýannamasynda, Süweýda welaýatynda ähli taraplaryň harby operasiýasynyň dolulygyna bes edilendigini aýtdy.
Siriýanyň SANA-nyň habarlar gullugynyň Içeri işler ministrligine esaslanýan habaryna görä, ylalaşygyň çäginde şäherde howpsuzlyk merkezleri gurular we Süweýdanynyň dolulygyna Siriýanyň döwlet ulgamyna utgaşyklygy ýola goýlar.
Ysraýylyň Siriýanyň paýtagty Damaska guran soňky howa hüjümlerinden soň Süweýda welaýatynda taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylandygy habar berildi.
Ysraýylyň harby uçarlary paýtagt Damaskda Baş ştaby we Kasr al Şaab hökmünde bilinýän Prezident köşgüni nyşana aldy.
Ysraýylyň harby radioasy, Damaskdaky Prezident köşgüniň duýduryş maksady bilen nyşana alynandygyny mälim etdi.
Siriýanyň Goranmak ministri Merhef Abu Kasranyň sişenbe güni Süweýda welaýatyndaky ýerli toparlaryň liderleri bilen geçiren gepleşiklerinden soň ylalaşyk gazanylandygy habar berlipdi.
Abu Kasra X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Şäherdäki ähli toparlara ýüzlenýärin: Süweýdanyň tanymal liderleri bilen gazanylan ylalaşykdan soň şäherde atyşygyň bes edilendigi yglan edildi” diýdi.
Siriýanyň günortasynda ýerleşýän Süweýda welaýatynda ýaragly Dürzi we Bedewi toparlaryň arasynda, taraplaryň biri-birine degişli ulaglary ele geçirmeginden soň çaknyşyklar başlapdy.
Siriýanyň Içeri işler ministrligi, çaknyşyklarda 30-dan gowrak adamyň ýogalandygyny, 100 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.