Gazadaky ýerli ýolbaşçylar, Ysraýylyň gabawy we harby hüjümleri sebäpli sebitde şertleriň gün saýyn agyrlaşýandygyny, 2 ýaşyndaky çaganyň iýmit ýetmezçiligi sebäpli ýogalandygyny mälim etdi.
Han Ýunusdaky Nasyr hassahanasynyň lukmanlary, Ahmed Samir Abdül Aal atly çaganyň aradan çykandygyny mälim etdi. Ýaşyna görä agramy 12 kilogram bolmaly çaganyň aradan çykan mahaly agramynyň 8 kilogramdygy anyklandy.
Ahmed bilen maşgalasy, Ysraýylyň çäklendirmeleri sebäpli azyk mahrum edilen Han Ýunusyň günbatarynda ýerleşýän Al Mewasy etrapçasyndaky çadyra ornaşmak üçin Rafahdan gaçypdy.
Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde 91-i çaga azyndan 160 palestinli azyk ýetmezçiligi sebäpli aradan çykdy.
Gazada genosid
BMG-nyň Bütin dünýä azyk maksatnamasu, Gazada her üç adamdan biriniň birnäçe günden bäri nahar iýmeýändigini mälim etdi.
Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 60 müň 200 adamdan geçdi. Bombaly hüjümler sebitde uly ýykylşyga sebäp boldy.
Ysraýylyň BT selem we Adam hukuklary üçin ysraýylly lukmanlar jemgyýeti duşenbe güni palestin halkynyň ulgamlaýyn ýok edilýändigi we saglygy goraýyş ulgamynyň bilkastlaýyn hatardan çykarylýandygy sebäpli Ysraýyly genosid etmekde günäkärledi.
Halkara Jenaýat kazyýety noýabr aýynda Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu we ozalky Goranmak ministri Ýoaw Gallandyň Gazada edýän harby jenaýatlary sebäpli tussag edilmegi barada karar kabul edipdi.
Halkara Adalat diwanynda hem Ysraýyl hakynda genosid işi gozgaldy.