DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hindistanyň Haridwar şäherindäki ybadathanada köp sanda adamyň ölendigi habar berildi
Resmiler ýurduň demirgazygyndaky Mansa Dewi ybadathanasyna ýygnanan mähelle sebäpli başdan geçirlen dynkyşykda azyndan 6 adamyň ýogalandygyny mälim etdiler.
Hindistanyň Haridwar şäherindäki ybadathanada köp sanda adamyň ölendigi habar berildi
July 27, 2025

ANI habarlar agentliginiň Garhwal sebitiniň komissary Winaý Şankar Pandeýe esaslanyp beren habaryna görä, Hindistanyň demirgazygyndaky Haridwar şäherinde ýerleşýän Mansa Dewi ybadathanasyna ýygnanan adamlar sebäpli başdan geçirlen dyknyşykda azyndan 6 adam ýogaldy.

Hindistanyň demirgazygyndaky Uttarkhand welaýatynyň Premýer ministri sosial media platformasy X hasabyndan beren beýanatynda ýerli polisiýa gullugynyň işgärleriniň we beýleki degişli guramalaryň wakanyň bolan ýerine baryp, ýardam we halas ediş işlerine başlandyklaryny habar berdi.

Ýekşenbe güni çap edilen habara görä ýaralanan adamlar hassahanalarda bejergi astyna alyndylar.

Hindistanda dyknyşyk wakalary geçmişde hem ýygy-ýygydan başdan geçirilýärdi. Ýanwar aýynda geçirlen Maha Kumbh Hindi festiwalynda suwda ýuwunmak üçin ýygnanan millionlarça adam sebäpli başdan geçirilen dyknyşykda azyndan 30 adam ýogalypdy.

Iýun aýynda bolsa Hindistandaky kriket stadionynyň daşynda bolan dyknyşykda azyndan 11 adam ýogalypdy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us