Eýranly we ýewropaly diplomatlar Tähranyň ýadro maksatnamasy boýunça düşnüşmezlikleri ortadan aýyrmak üçin şu gün Stambulda duşuşýar.
Britaniýadan, Fransiýadan we Germaniýadan ybarat bolan E3 ýurtlarynyň wekilleri Eýranyň iýun aýynda Ysraýyl bilen başdan geçiren hem-de ABŞ-nyň bombardyman uçarlarynyn ýadro desgalaryny bombalan 12 günlük uruşdan son ikinji gezek Eýranyň konsullygynda duşuşar.
Duşuşygyň ynjyklygy sebäpli adynyň tutulmagyny islemedik ýewropaly diplomatlardan biri, sanksiýalaryň öz-özünden dikeldilmegini ýola goýýýan “snapbak” mehanizminiň gün-tertibindedigini aýtdy.
Şol diplomat; “Eýranyň ynandyryjy diplomatik tagalla etemegi, Halkara Atom Energiýa Gullugy bilen doly hyzmatdaşlyga dolanyp gelmegi we ýokary derejedeli işlenen uran ätiýajy hakynda bilen bagly aladalary ortadan aýyrmagy şerti bilen “snapbakyň” yza süýşürilmegi teklip edildi” diýdi.
Ýewropaly liderler Eýranyň ýadro maksatnamasynyň çäklendirilmegi boýunça öňegidişlik edilmese, awgust aýynyň ahyryna çenli sanksiýalaryň gaýtadan dikeldiljekdigini duýdurdy.
Resmi Tähran 2015-nji ýylda gazanylan ylalaşykdan Prezident Donald Trampyň birinji iş möhletinde çekilen ABŞ-nyn gepleşiklerde eýeleýän pozisiýasy bilen bagly ynamyň gaýtadan dikeldilmelidigini beýan etdi.
Daşary işler ministriniň orunbasary Kazym Garibabadi Eýranyň gatnaşygynyň “Eýranyn ynamynyň dikeldilmegi bilen birnäçe başlangyç kadalara” baglydygyny, sebäbi “Eýranyň ABŞ-na ynanmaýandygyny” aýtdy.
Garibabadi penşenbe güni sosial mediada beren habarnamasynda gepleşikleriň “harby operasiýa ýaly gizlin gün-tertipleri üçin platforma hökmünde peýdalanylmaly däldigini” beýan etdi.
Eýranyň resmisi urany gaýtadan işlemek hukugyna “kanuny zerurlyklara laýyklykda” sarpa goýulmagyna we sanksiýalaryň bes edilmegine aýratyn üns çekdi.
ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy hüjümleri
Eýran sanksiýalar gaýtadan başlan halatynda ýadro ýarag öndürmezlik hakyndaky Ýadro Ýaraglarynyň Ýaýbaňlanmagynyň Öňüni Almak Hakyndaky Şertnamadan çekiljekdigini ýygy-ýygydan beýan edýär.
Gepleşikler ministriň orunbasarlary derejesinde geçiriler we Eýrana Daşary işler ministriniň orunbasary Majit Taht Rawançi wekilçilik eder.
Şeýle mazmunly maslahat maý aýynda Stambulda geçirilipdi.
E3 ýurtlarynyň wekilleriniň kimdigi heniz belli bolmasa hem, ÝB-niň Daşarky gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekilinin orunbasarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa 2015-nji ýylda gazanylan ylalaşyga ABŞ, Russiýa we Hytaý bilen bilelikde gol goýupdy. ABŞ-nyn 2018-nji ýylda ylalaşykdan çekilmeginde şol wagtky Prezidenti Donald Trampyň “ylalaşygyň ýeterlik derejede güýçli däldigini” beýan etmeginiň täsiri güýçli bolupdy. Ylalaşyga görä Russiýa we Hytaý gaýtadan goýuljak sanksiýalary weto etmäge ygtyýarly däl.
Amerikan “B-52” kysymly bombardyman uçarlarynyn üç ýadro desgasyny bombalan Ysraýyl-ABŞ hüjümlerinden soň Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi E3 ýurtlaryny ikiýüzlilik edenlikde günäkärläp, “Ysraýylyň hüjümlerini goldap, wadalarynda durmandyklaryny” beýan edipdi.
Eýranyň Ysraýyla raketa hüjümleri we Katardaky Amerikan bazalaryndan birini bombalamak arkaly gaýtawul görkezen çaknyşyk şertlerinde gelejek bilen bagly näbellilik dowam edýär.
Ýewropaly resmiler çaknyşyklardan çetde durmak isleýändiklerini we gepleşikler arkaly çözgüt tapmaga açykdygyny beýan edýän hem bolsalar, wagtyň zalýandygyny duýdurýarlar.
Eýranyň Atom Energiýa Guramasynyň wekili penşenbe güni beren beýanatynda Ysraýylyň we ABŞ-nyň soňky hüjümlerinden soň ýurduň ýadro senagatynyň “gaýtadan ösjekdigini” beýan etdi.