DÜNÝÄ
2 minut okamak
Siriýa Saud Arabystany bilen 6,4 milliard dollarlyk şertnama baglaşar
Siriýa-Saud Arabystany maýa goýum forumy Damaskda geçirildi.
Siriýa Saud Arabystany bilen 6,4 milliard dollarlyk şertnama baglaşar
25 luglio 2025

Siriýa bilen Saud Arabystany, ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen penşenbe güni Damaskda ilkinji maýa goýum forumyny geçirdi.

Forumyň çäginde gymmaty 6,4 milliard dollara barabar bolan birnäçe şertnama gol çekişilmegine garaşylýar.

Damaskda Prezident köşgünde geçirlen foruma, Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara we Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Halid Al Falih bilen birlikde ýokary derejeli ýolbaşçylar gatnaşdy.

Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Halid Al Falih forumda eden çykyşynda iki tarapyň 24 milliard saudi riýalyna ýagny 6,4 milliard dollara barabar bolan 47 şertnama baglaşjakdygyny aýtdy.

Şertnamalar senagat, energetika, gurluşyk we kiber howpsuzlyk ýaly birnäçe ugry öz içine alýar.

Al Falih, merkezi Saud Arabystanynda ýerleşýän “Baýt Al İbaa” firmasynyň Homus şäherinde uly söwda taslamasyna başlajakdygyny aýtdy.

Taslamadan alynjak girdejiniň siriýanyň halkyna goldaw bermek maksady bilen ulanyljakdygyny nygtan Al Falih, forumyň çäginde gymmaty 4 milliard riýala ýagny 1,66 milliard dollara barabar bolan kiber howpsuzlyk şertnamasynyň baglaşyljakdygyna ünsi çekdi.

Siriýanyň “SANA” habarlar gullugy, ýurduň Hasabat ministri Hamza Al Mustafanyň şertnamalaryň Siriýanyň 14 welaýatynda 50 müň adama iş mümkinçiligini hödürlejekdigi hakyndaky beýannamasyny halka ýetirdi.

Al Mustafa, forumyň öňüsyrasynda çarşenbe güni metbugata beren beýannamasynda, “Bu şertnamalar ýurduň çar tarapynda birnäçe pudagy öz içine alýar” diýdi.

25 ýyla golaý ýurdy dolandyran Asad, 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Russiýa gaçyp gidipdi we 1963-nji ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolan Baas ulgamy ortadan aýrylypdy. Ýanwar aýynda bolsa Şaranyň ýolbaşçylygynda täze wagtlaýyn hökümet guruldy.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us