Türkiýe Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) esaslandyryjy resminamasy Helsinki Ylalaşygyna gol çekmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi.
Ministrlik anna güni çap eden beýanatynda; “Sowuk uruş döwründe bloklaryn arasyndaky düşnüşmezlikleriň hem-de dartgynlygyň azaldylmagy maksady bilen başladylan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlygy maslahatynyň çäginde 1975-nji ýylda gol çekilen Helsinli ylalaşygy henizem güýjüni goraýan başlangyç ýörelgeleri bilen Ýewropa-Atlantika we Ýewropa sebitlerini öz içine alýan giň sebitde dialoga hem-de hyzmatdaşlyga esaslanýan howpsuzlyk binagärçiligini esaslandyrdy” diýilýär.
Türkiýäniň Helsinki ylalaşygyna ilkinjileriň hatarynda gol goýanlardan biri hökmünde bu tapgyryň başyndan bäri golda berýändigi nygtaldy.
Beýannamada; “Türkiýe şu nukdaý nazardan diňe bir sebitleýin parahatçylyga we durnuklylyga bolan sarpasyny nygtamak bilen çäklenmän, şol bir wagtda-da halkara hukuk kadalaryna laýyklykda kesgitlenen Ýewopanyň howpsuzlyk binagärçiliginiň emele gelmegine hem işjeň goşant goşdy” diýilýär.
Türkiýäniň 1994-nji ýylda ÝHHG-nyň esaslaryny goýan maslahatdan bäri gurama bile hyzmatdaşlygyny dowam etdirýändigine üns çekilýän beýannamada; “Türkiýhe syýasy-harby, ykdysady-daşky gurşaw we gumanitar ugurlary öz içine alýan giňgerimli howpsuzlyk düşünjesine esaslanýan hem-de giň sebitleýin howpsuzlyk forumy bolup durýan ÝHHG-na işjeň goşant goşmaga dowam edýär” diýilýär.