Ýurduň terrorçylyga garşy göreşde öň hatarda durýan Gollandiýanyň Milli howpsuzlyk we terrorçylyga garşy göreş koordinatorlygy tarapyndan çap edilen habarnamada Ysraýyl ilkinji gezek milli howpsuzlyga howp salýan ýurtlaryň sanawyna goşuldy.
“Döwlet aktýorlaryndan gelýän howplaryň derňelmegi” atly bu habarnamada, Ysraýylyň Gollandiýanyň jemgyýetçilik pikirini dolandyrmak we syýasy karar kabul ediş tapgyryna täsir ýetirmek maksady bilen dezinformasiýa kampaniýalaryny ulanýandygy bellenilýär.
Habarnamada geçen ýyl Ysraýylyň ministrliginiň resmi däl kanallar arkaly gollandiýaly žurnalistlere we syýasatçylara bir resminama iberendigi aýdylýar.
Bu resminamada Amsterdamda Makkabi Tel Awiw futbol toparyny goldaýan ýörişdäki dartgynlykdan soň käbir gollandiýaly raýatlara degişli adaty bolmadyk we islenilmeýän şahsy maglumatlaryň bardygy öňe sürülýär.
NCTV mundan başgada Gaagadaky Halkara Jenaýat kazyýetine garşy Ysraýyldan we ABŞ-dan gelen howplaryň artmagyna bildirilýän aladalary aýdyp geçýär.
Habarnamada bu howplaryň kazyýetiň işine päsgelçilik döredip biljekdigi nygtalýar.
Birnäçe halkara hukuk edaralarynyň ýerleşýän ýurdy hökmünde Gollandiýanyň bu edaralaryň işini daşarky basyşlardan goramakda “özüne mahsus jogapkärçiligi” bardygy bellenilýär.
NCTV mundan ozal Ysraýylyň kiber gözegçilik enjamlary we içalyçylyk gurallary barada aladalanýandygyny beýan eden bolsa-da, bu habarnamada içalyçylyk bölüminiň içinde Ysraýyl agzalmaýar.