Waşingtonda syýasy taýdan abraýynyň pese gaçmagyna garamazdan X platformasynyň iň köp agzaly hasaby bolan Maskyň güýji dowam edýär. Öz syýasy partiýasyny döretmäge synanyşýan Mask, platformadaky giň agzalar arkaly Ýewropadaky aşa sagçy syýasatçylar bilen gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin ulanýar.
“Associated Press” tarapyndan açyk çeşmelere esaslanylyp taýýarlanan seljerme bu özara täsiniň Ýewropada täze bir alada öwrülendigini görkezýär. Bu täze alada Russiýa ýa-da Hytaýdan däl-de, Birleşen Ştatlardan gelen daşarky täsiriň ýüze çykma ähtimallygyna gönükýär.
Seljerme “Bright Data” tarapyndan ýygnalan 20 müňden gowrak habarnamany özünde jemleýar. Üç ýyllyk döwri öz içine alýan maglumatlar, Mask bilen yzygiderli täsirleşýän we köplenç aşa sagçy syýasy ýa-da jemgyýetçilik temalaryny goldaýan 11 sany ýewropaly şahsyýetiň ýazgylaryndan ybarat nusgalara esaslanýar.
Retweet oýny
Ilon Mask 2022-nji ýylyň oktýabrynda Twitteri satyn alanyndan soň X platformasynda öň görlüp-eşidilmedik bir täsir giňişligini döretdi. Onuň muşdaklarynyň sany 220 milliondan geçip, iki esse artdy we beýleki ähli uly hasaplardan öňe saýlandy.
Mask tarapyndan goldanýan hasaplar – immigrasiýasynyň togtadylmagy, öňdebaryjy syýasatlaryň yzyna serpikdirilmegi we çäksiz söz azatlygy düşünjesiniň ýaýbaňlandyrylmagy ýaly umumy maksatlarda birleşýän global milletçi bileleşigiň bir bölegi hökmünde çykyş edýär.
“Associated Press” tarapyndan seljerilen hasaplaryň arasynda öz ýurtlarynda kanuna garşy hereketler bilen baglanyşdyrylýan şahsyýetler hem bar.
· Tommy Robinson: Britaniýaly immigrantlara garşy aktiwist. Siriýaly bosgun hakyndaky ýalan beýanlary sebäpli kazyýetiň kararyny bozandygy üçin 2024-nji ýylyň oktýabrynda 18 aý azatlykdan mahrum edildi.
· Bjoern Hoecke: Germaniýanyň AfD partiýasynda syýasatçy. 2023-nji ýylda eden çykyşlarynda faşistik şygarlary bilkastlaýyn ulanandygy üçin günäli diylip tapyldy.
· Matteo Salwini: Italiýanyň premýer-ministriniň orunbasary. 100 bosguny adam hukuklaryny goraýjy gämide bikanun saklandygy bilen bagly aýyplamalardan 2024-nji ýylyň dekabrynda aklandy.
Mask tarapyndan öňe saýlanan beýleki şahsyýetler:
· Alice Weidel: Germaniýanyň AfD partiýasynyň ýolbaşçylaryndan biri; şu ýyl partiýasyny taryhy derejede ýokary ses sany bilen saýlaw ýeňşine ýetirdi.
· Eva Vlaardingerbroek: "Aşa sagyň galkany" hökmünde tanalýan niderlandly sosial media aktiwisti.
· Naomi Seibt: "Anti-Greta Thunberg" ady bilen tanalýan nemes aktiwisti; häzirki wagtda syýasy gysyş sebäpli Waşingtonda ýaşaýar.
· Rubén Pulido we Foro Madrid: Ispaniýanyň aşa sagçy Wox partiýasy bilen gatnaşykda.
· Fidias Panayioutou: Günorta Kipr Respublikasynyň syýasatçysy; Maskyň kompaniýalaryna beren goldawy bilen tanalýar.
Bu hasaplar Maskyň X platformasyny almagyndan (oktýabr aýy, 2022-nji ýyl) 2025-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli takmynan 5 million täze agza eýe boldy.