SYÝASAT
2 minut okamak
Kamboja Tailanddan tussag esgerlerini boşatmagyny talap etdi
Iki ýurduň arasynda 43 adamyň ölmegine we ýüzlerçe müň adamyň ýerlerinden joda düşmegine sebäp bolan çaknyşyklardan soň Kambodja ylalaşyk şertlerinde Tailandyň tussag eden esgerlerini yzyna ugratmagyny talap edýär.
Kamboja Tailanddan tussag esgerlerini boşatmagyny talap etdi
Kamboja Tailanddan tussag esgerlerini boşatmagyny talap etdi / AA
July 31, 2025

Kambodja penşenbe güni jedelli serhet zolagynda gazanylan ynjyk ylalaşygyň üçünji gününde Tailandyň 20 esgerini saklandyğyny we ylalaşykdan soň bolan wakada kabir esgerleri öldürendigini beýan etdi.

Geçen hepde başlan we Günorta-gündogar Aziýada ýerleşýän iki goňşy ýurduň arasynda bäş gün dowam eden güýçli çaknyşyklar esasy bölegi asuda ilatdan 43 adamyň ölmegine we 300 müňden gowrak adamyň ýerlerinden jyda düşmegine sebäp bolan bolsa, Malaýziýanyň duşenbe güni töwellaçylyk etmeginde gazanylan ylalaşygyň netijesinde hüjümler bes edildi.

Tailand şol günden bäri Kambodjanyň esgerleriniň ylalaşygy birnäçe gezek bozandygyny beýan eden bolsa, resmi Pnom Penhiň ýolbaşçylary onuň hakykata laýyk gelmeýandigini, Tailandyň goşunynyň Kambodjanyň käbir esgerlerini ýerliksiz saklandygyny öňe sürdi.

Kambodjanyň Premýer-ministri Hun Manet penşenbe güni beren beýanatynda; “Tailandy gözegçiligi astyndaky beýleki güýçler bilen bilelikde 20 esgerimizi dessine boşatmaga çagyrýarys” diýdi.

Kambodjaly esgerler derňelýär

Tailandly general maýor Surasant Kongsiri žurnalistlere beren beýanatynda Tailandyň bogun egen 20 kambodj esgerini saklaýandygyny, şolaryň hatarynda lukmançylyk bejergisini alýan 2 esgeriň bardygyny beýan etdi.

Tailandyň Premýer-ministriniň wezepesini wagtlaýyn ýeriýen ýetirýän Pumtam Weçaýaçi; “Esgerleri hakykaty kesgitlemek üçin sorag edýäris. Degişli sorag we derňew işinden soň azat bolarlar” diýip, Tailandyň goşunynyň ylalaşygyň düzgünlerini bozmandygyny aýtdy.

Tailand we Kambodja uzak ýyllardan bari iki ýurduň arasyndaky 817 kilometrlik gury ýer serhedinde kesgitlenmedik bölümlerde düşnüşmezlikleri başdan geçirýar. Şol düşnüşmezlikleriň özeninde indus ybadathanalary Ta Moan Tom we 11-nji aşyra degişli Terah Wihear bar.

Soňky ylalaşyk Malaýziýanyň tagallalary netijesinde we ABŞ-nyň çagyryşlaryndan soň gazanyldy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Tailandyň we Kambodjanyň liderlerine telefon edip, çaknyşyklar dowam eden halatynda söwda şertnamalarynyň bes ediljekdigini duýdurdy.

İki ýurt hem ABŞ-na imort edilýän harytlar üçin 36 göterimlik gümrük salgydyny göleýar. ABŞ-nyň Söwda ministri Howard Lutnik penşenbe güni “Fox Nýus” ýaýlymyna beren interwýusynda gümrük salgydy üçin 1-nji awgusta çenli berilen möhlet gutarmanka iki ýurt bilen söwda şertnamasynyň baglaşylandygyny aýtdy.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us