DÜNÝÄ
2 minut okamak
Kamçatka sebitinde 8,8 bal ululygynda ýer titreme boldy, köp ýurtda sunami duýduryşy berildi
Köp ýurtlar, şol sanda Ýaponiýa, ABŞ-nyň Gawaýi ştaty, Ekwador we Filippinler, Russiýada bolan ýer titremesinden soň sunami duýduryşlaryny berýärler.
Kamçatka sebitinde 8,8 bal ululygynda ýer titreme boldy, köp ýurtda sunami duýduryşy berildi
July 30, 2025

ABŞ Geologiýa Gözleg Gullugynyň (USGS) habaryna görä, Russiýanyň Kamçatka ýarymadasynyň golaýynda 8,8 bal ululygynda ýer titreme boldy.

Çarşenbe güni berlen beýanatda, ýer titremäniň güýç merkezi 20,7 km çuňlukda we Petropawlowsk-Kamçatskiýniň 119 km günorta-gündogarynda ýerleşýär. Ýer titremäniň güýçlüdigi we sunami howpuny emele getirip biljek ýagdaýdadygy habar berildi.

Kamçatka sebitiniň gubernatory Wladimir Solodow Telegram hasabyndan beren beýanatynda, ýer titremäniň “çynlakaý we onlarça ýyl bäri başdan geçirilýän iň güýçli ýer yranmadygyny” mälim etdi.

Sebitiň saglygy goraýyş ministri Oleg Melnikow Russiýanyň döwlet habarlar gullugy Tass-a beren beýanatynda, Kamçatkada birnäçe adamyň ýaralanandygyny belläp: "Ähli şikeslileriň ýagdaýy kanagatlanarly. Häzirlikçe agyr şikesler hasaba alynmady" diýip aýtdy.

Sunami duýduryşy sebäpli Sahalin sebitindäki Sewero-Kurilsk şäherçesinde ewakuasiýanyň geçirilmegi barada buyruk berildi.

Beýleki ýerlere täsirleri

ABŞ-nyň Sunami Duýduryş ulgamy, Russiýanyň, Ýaponiýanyň, Alýaskanyň we Gawaýi adalarynyň käbir kenarýaka ýerlerinde sunami tolkunlarynyň bolup biljekdigini duýdurdy.

Gawaýidäki Honolulu Adatdan daşary ýagdaýlar dolandyryş bölümi ABŞ-nyň Gawaýi ştatynyň käbir kenarýaka ýerleriniň ewakuasiýa edilmegi barada çagyryş berip: “Işe girişiň. Elhenç sunami tolkunlaryna garaşylýar” diýip habar berildi.

Milli Howa Gullugynyň San-Fransisko aýlag sebiti, Kaliforniýa kenary üçin sunami duýduryşyny güýje girizdi. X platformasyndan berlen beýenatda: "Suwdan daşda duruň! Kenarlardan we suw ýollaryndan uzakda boluň! Ýerli resmiler gaýdyp barmaga rugsat berýänçä çenli kenardan uzak duruň" diýildi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us