Kanadanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda, Kanadanyň Palestiniň ykrar edilip edilmezliginiň haýsydyr bir şerte bagly bolup bolmajakdygyny meselesini seljerýändigi nygtaldy.
Sişenbe güni berlen habarlarda görä, mesele hakynda heniz anyk karar kabul edilmedi, emma Premýer-ministr Mark Karneýiň Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalary seljermek üçin wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirmegine garaşylýar.
Premýer-ministr Karneýiň, Britaniýanyň Premýer-ministri Starmer bilen gabaw astyndaky Gazadaky soňky wakalar hakynda pikir alyşmagyndan we Britaniýanyň Palestini ykrar etmek baradaky beýannamasyndan soň ministrler kabinetiniň agzalary bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirmek barasynda karar kabul edendigi nygtaldy.
Kanadanyň Daşary işler ministri Anita Anand, duşenbe güni ýurdunyň iki döwletli çözgüde goldaw berýändigini mälim edipdi.
Halkara basyş
Geçen hepde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Parižiň sentýabr aýynda geçiriljek BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde Palestini ykrar etjekdigini aýan edipdi.
Şu hepde hem Britaniýanyň Premýer-ministri Starmer hökümetiniň Ysraýyl Gazadaky genosidini bes etmän halatynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde Palestini ykrar etjekdigini mälim etdi.
Britaniýanyň bu göçümini berk tankyt eden Ysraýyl, “Bu Hamasy sylaglandyrmak bolar” diýdi.
Palestin häzire çenli BMG-na agza 193 ýurtdan 149-y tarapyndan ykrar edildi.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada dowam etdirýän genosidi sebäpli Palestini ykrar edýän ýurtlaryň sany artýar.