Russiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň geçen aý Stambulda geçirilen parahatçylyk gepleşiklerinde gazanylan ylalaşyklaryň çäginde 1000 esgeriň jesedini Ukraina gaýtaryp berendigini aýtdy.
Stambulda Moskwa bilen Kiýewiň arasynda geçirilen iki tapgyr gepleşik entek ýaraşyk şertnamasyna getirip bilmese-de, giň gerimli görnüşde tussaglary çalyşmak we ýogalan esgerleriň jesetlerini yzyna gaýtaryp bermek barada ylalaşyk gazanylypdy.
Rus wekiliýetiniň ýolbaşçysy we Kremliň maslahatçysy Wladimir Medinskiý penşenbe güni Telegram hasabyndan beren beýanatynda: “Stambulda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda şu gün ýene 1000 ukrain esgeriniň jesedi Ukraina gowşuryldy” diýen bolsa, Ukrainanyň ýogalan 19 rus esgeriň jesedini gowşurandygyny mälim etdi.
Medinskiý bu mesele bilen baglanyşykly suratlary hem hasabyndan paýlaşdy.
Ýesirleriň alyş-çalşygy we jesetleriň yzyna gaýtarylyp berilmegi uruş döwründe taraplaryň arasynda seýrek duş gelýän üstünlikli diplomatik ädimleriň biri boldy.
Geçen aý geçirilen gepleşiklerde Russiýa Ukrainanyň has köp territoriýasyndan ýüz öwürmegini we Günbataryň harby goldawyny ret etmegini öz içine alýan talaplaryny öňe sürüpdi.
Kiýew bolsa bu talaplary kabul ederliksiz ultimatum hökmünde häsiýetlendirdi we Moskwa eglişik etmek islemese gepleşikleri dowam etdirmegiň manysynyň ýokdugyny aýtdy.