DÜNÝÄ
1 minut okamak
Nýu-Ýork ştatynda syýahatçylyk awtobusynyň heläkçilige uçramagy netijesinde bäş adam ýogaldy
Resmileriň aýtmagyna görä deslapky derňewlere görä waka sürüjiniň ünssüzligi sebäpli başdan geçirildi.
Nýu-Ýork ştatynda syýahatçylyk awtobusynyň heläkçilige uçramagy netijesinde bäş adam ýogaldy
20 hours ago

Nýu-Ýork ştatynyň polisiýa gullugynyň beren habaryna görä, anna güni Niagara şaglawugyndan Nýu-Ýorka tarap barýan we düzüminde 50-den gowrak ýolagçy bolan awtobus heläkçilige uçramagy netijesinde 5 adam ýogaldy.

Deslapky derňewlere görä, sürüjiniň ünsüniň bölünmegi sebäpli ulag gözegçiligini ýitirendigi, wakanyň mehaniki näsazlyk ýa-da spirtli içgiler sebäpli bolmandygy habar berildi.

Ýogalanlaryň hindistanly, hytaýly we filippinli syýahatçylardygy, halas bolanlara terjimeçi taýdan kömek berilendigi aýan edildi. Hytaýyň döwlet telewideniýesi CCTV ýolagçylaryň käbirleriniň Hytaýyň raýatlarydygy, 5 ýolagçynyň ýeňil ýagdýada ýaralanandygyny we bejergi edilendigini, biriniň bolsa operasiýa edilendigini habar berdi.

Sürüji sekiz dikuçary öz içine alýan uly göwrümli halas ediş operasiýasynda diri galandygy we resmiler bilen hyzmatdaşlyk edýändigi beýan edildi.

Nýu-Ýork ştatynyň gubernatory Keti Hoçul ýolagçylara kömek berilýändigini aýtdy, senator Çak Şumer bolsa gynanç ýüzlenmesini çap etdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us