DÜNÝÄ
1 minut okamak
Modi Trampyň Pakistan bilen ýaraşyk hakyndaky beýanatynyň hakykata laýyk gelmeýändigini aýtdy
Hindistanyň Premýer-ministri, Trampyň maý aýyndan bäri ABŞ-nyň iki bäsdeş ýurduň arasynda ýaraşygy ýola goýandygyny öňe sürýändigine garamazdan, haýsydyr bir daşary ýurduň lideriniň ýaraşyk üçin basyş etmändigini aýtdy.
Modi Trampyň Pakistan bilen ýaraşyk hakyndaky beýanatynyň hakykata laýyk gelmeýändigini aýtdy
July 30, 2025

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky soňky çaknyşyklarda haýsydyr bir ýurduň lideriniň töwellaçylyk etmändigini aýtdy.

Modi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Waşingtonyň çaknyşyklaryň bes edilmeginde uly rol oýnandygy hakyndaky garaýyşlaryny iňkär etdi.

Modi, maý aýynda Pakistana garşy başladylan “Sindoor” operasiýasy bilen arabaglanşykly parlamentde geçirlen oturluşykda “Haýsydyr bir ýurduň lideri bize operasiýalarymyzy bes etmegimizi aýtmady” diýdi. Modi Trampyň adyny agzamady.

Tramp we adminstrasyýasy, ABŞ-nyň ýadro ýaragyna eýe iki goňşy ýurduň arasynda doly möçberli söweşiň öňüni alandygyny 7-nji maýdan bäri 30 gezege golaý beýan etdi. Resmi Yslamabat Waşingtonyň pozisiýasyny kabul etdi, emma Täze Deli ony başyndan bäri iňkär edýär.

Gysga wagt dowam eden çaknyşyk

Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky çaknyşyk, aprel aýynda Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmirde syýahatçylara garşy guralan terrorçylykly hüjüm bilen başlady. Hüjümde esasy bölegi hindilerden ybarat 26 adam ýogaldy.

Hindistan, Pakistany hüjümlere goldaw bermekde günäkärledi. Yslamabat bolsa günäkärlemeleri kabul etmedi.

Maý aýynda başdan geçirlen we 4 gün dowam eden çaknyşyklarda iki tarapda 70-den gowrak esger ýogaldy.

Tramp çaknyşyklardan soň atyşygyň bes edilendigini yglan etdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us