Sebitleýin resmileriň sişenbe güni beren habaryna görä, Ukrainada gije guralan hüjümlerde azyndan 20 adam ýogaldy, 40-dan gowrak adam ýaralanydy.
Russiýa Zaparožýe sebitine 8 aýry hüjüm gurap, bir tussaghanany nyşana aldy. Harby dolanşygyň başlygy Iwan Federow Telegram hasabyndan beren beýanatynda: “Hüjümlerde 16 adam ýogaldy, 35 adam ýaralandy. Mundan başgada desgalar ýumruldy we golaýdaky öýlere zeper ýetdi” diýdi.
Hökümetiň sebitleýin resmileri Dnepropetrowsk sebitindäki beýleki hüjümlerde ýogalan we ýaralanan adamlaryň sanynyň has köpdügini aýtdy. Sebitleýin harby dolanşygyň başlygy Sergiý Lysak Telegramdan beren beýanatynda, Kamýanske şäherine guralan raketaly hüjümde 2 adamyň ýogalandygyny, 5 adamyň ýaralanandygyny we bir hassahana zeper ýetendigini mälim etdi.
Lysak Synelnykiwsky sebitine guralan başga bir hüjümde bolsa 1 adamyň ýogalandygyny we birnäçe adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Lysak Telegram hasabyndan duşenbe güni Welykomykhaýliwskada guralan başga bir hüjüm barada bolsa: “75 ýaşly bir zenan ýogaldy, 68 ýaşly bir erkek ýaralandy we hususy emläge zeper ýetdi” diýip aýan etdi.
Sebitiň wagtlaýyn gubernatorynyň sişenbe güni beren beýanatynda, Russiýanyň günortasynda Ukraina degişli bir sany uçarmansyz howa ulagynyň hüjüminde 1 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Rostow sebitiniň wagtlaýyn gubernatory Ýuri Slýusar Telegram hasabyndan beren beýanatynda: “Ostrowskiý köçesinde bir ulaga zeper ýetdi. Gynansagam ulagyň içindäki sürüji ýogaldy” diýdi.
Kiýew, 2022-nji ýylda hüjümleri başlamagyndan bäri ozal goralan sebitlerde täze öňegidişlik gazanan Russiýanyň tomusky hüjümini yzyna serpikdirmäge synanyşýar.
Geçen hepdäniň ahyrynda rus goşunlary sebitdäki ilkinji obany basyp alandan birnäçe hepde soň, harby güýçleriniň Dnepropetrowskdaky Maliýewka şäherçesini basayp alandygyny aýtdy.