ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio sişenbe güni beren beýanatynda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagyna umyt bildirdi, ýöne goşmaça maglumat bermedi.
Rubio Ak Tamda ministrler kabinetiniň maslahatynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň daşary syýasatda gazanan üstünlikleriniň arasynda "Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda ýakyn wagtda parahatçylyk şertnamasy baglaşylar diýip umyt edýärin" diýdi.
Iki öňki Sowet respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar 1991-nji ýylda Ermenistanyň goşunynyň halkara derejesinde Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilen Garabagy we ýedi sebiti basyp almagy bilen dartgynlaşypdy.
Şol sebitiň uly bölegi 2020-nji ýylyň güýzünde 44 gün dowam eden söweşde Azerbaýjan tarapyndan azat edilipdi. Uruş Russiýanyň araçylyk etmeginde gazanylan parahatçylyk şertnamasy bilen tamamlanypdy we gatnaşyklaryň kadalaşmagy we serhetleriň kesgitlenilmegi bilen bagly gepleşikleriň başlamagyna ýol açypdy.
2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Azerbaýjan sebitde separatistik güýçleriň tabyn bolmagyndan soň Garabagda doly özygtyýarlylygy ýola goýupdy.