Russiýa, Ukrainadaky hüjümlerini goldaýan Aziýadaky ýarany bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň alamaty hökmünde Demirgazyk Koreýa göni uçar gatnawlaryny başlatdy.
Russiýanyň Nordwind howa ýollary tarapyndan dolandyrylýan ilkinji Moskwa-Phenýan uçar saparyny gurajak uçar, 400-den gowrak ýolagçy bilen ýekşenbe güni GMT 16:25-de Moskwanyň Şeremetýewo howa menzilinden uçdy.
Russiýanyň Transport ministrligi islegi kanagatlandyrmak üçin aýda bir uçar saparynyň gurnaljakdygyny habar berdi.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow şu aýyň başynda Demirgazyk Koreýanyň täze Wonsan-Kalma kenarýaka syýahatçylyk zolagyna baryp, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen duşuşyk geçiripdi. Lawrow rus syýahatçylaryny toplumy görmäge höweslendirjekdigini aýdypdy.
20000 töweregi adamy kabul edip bilýän bu syýahatçylyk zolagy, Kimiň ýurdunyň kyn ykdysadyýetini dikeltmek üçin syýahatçylygy ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň merkezinde durýar.
Pandemiýa döwründe girizilen çäklendirmeleri kem-kemden ýeňilleşdirýän Demirgazyk Koreýa serhetlerini kem-kemden açýar. Şeýle-de bolsa, ýurt halkara syýahatçylygyny doly açjakdygy barada entek beýanat bermedi.
Ýewropa Bileleşiginiň rus uçar gatnawlaryna gadagançylyk girizmeginden ozal rus syýahatçylary Ýewropanyň dynç alyş ýerlerine daşaýan Nordwind howa ýollary kärhanasy, bilet bahalaryny 570 dollar hökmünde kesgitledi.
Uçuşy dolandyran, ýöne doly adyny aýan etmek islemedik Nordwind howa ýollary kärhanasynyň işgäri Oleg, howa menzilinde AFP habar gullugyna beren beýanatynda: "Bu, biziň halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrýan taryhy waka" diýdi.
Russiýanyň Transport ministriniň orunbasary Wladimir Poteşkin ministrligiň Telegram hasabyndan beren beýanatynda: "Diplomatik gatnaşyklarymyzyň 70 ýyldan gowrak taryhynda ilkinji gezek ýurtlarymyzyň paýtagtlarynyň arasynda göni uçuşlary amala aşyrýarys" diýdi.
Russiýanyň döwlet habar gullugy TASS Phenýandan Moskwa ilkinji uçuşyň sişenbe güni boljakdygyny habar berdi.
Russiýa bilen Demirgazyk Koreýa 17-nji iýunda Kowid döwründe togtadylan otly aragatnaşygyny ýaňadandan başlatdy.
Iki ýurt soňky ýyllarda has ýakyn harby gatnaşyklary ýola goýdy, habar berlişine görä Phenýan Russiýanyň Ukrainadaky urşy üçin esgerler we ýaraglar bilen üpjün edýändigi aýdylýar.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin geçen ýyl Demirgazyk Koreýa guran saparynda, iki ýurt özara goranyş şertnamasyna gol çekipdi.
Demirgazyk Koreýa aprel aýynda esgerleriniň bir böleginiň ilkinji gezek rus goşunlary bilen birlikde Ukrainadaky front liniýasyna ýerleşdirendigini tassyklady.