Prezident Rejep Taýyp Erdogan şehitleriň we weteranlaryň maşga agzalaryna ýüzlenip ýazan hatynda, Terrorsyz Türkiýe tapgyrynda haýsydyr bir ýerde gepleşikleriň, eglişikleriň ýa-da gizlin we gelşiksiz synanyşyklaryň ýokdugyny, mundan beýläk hem bolmajakdygyny nygtady.
Erdogan, ýurduň her bir garyş topragynyň şehitleriň we weteranlaryň gany bilen ýugrulandygyny, Türkiýanyň häzirki döwürde başdan geçirýän parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň we buýsanjynyň ilkinji nobatda gurbanlara borçludygyny we bu mirasy gorap saklamagyň döwletiň iň esasy jogapkärçiligidigini aýtdy. Erdogan hatynda: "Aýratyn-da haýyş edýärin we arkaýyn bolmagyňyzy isleýarin: Bu tapgyrda hiç hili gepleşige, eglişige ýa-da gizlin we ýerliksiz synanyşyklara orun bolmady we geljekde-de bolmaz, şehitlerimiziň ruhlaryny biynjalyk etjek başlangyçlar edilmedi we edilmez" diýdi.
Erdogan, terrorsyz Türkiýe we sebitleýin maksatlaryna ýetilende Türkiýe üçin täze sahypanyň açyljakdygyny nygtap; "Müň ýyllyk doganlygymyz täze tapgyra göteriler; aramyzda ekilen duşmançylyk tohumlary baky ýok ediler" diýdi.
Şeýle hem, Erdogan Türkiýäniň maksatlary boýunça ähli raýatlara ýüzlenip, hatynda milletiň her bir agzasynyň jogapkärçiligini öz üstüne alýandyklaryna doly göz ýetirip, beýik we güýçli Türkiýe üçin irginsiz işleýändiklerini nygtady.
Erdogan, soňky 23 ýylda goýlan maýa goýumlar, iş ýüzüne geçirilen taslamalar, edilen özgertmeler, berilen hyzmatlar we edilen başlangyçlar netijesinde Türkiýäniň sebitde we dünýädäki ygtybarynyň ýokarlanandygyny aýtdy. Ýüze çykan ähli päsgelçiliklere garamazdan, demokratiýany berkitmek, hukuklara we azatlyklara ýol açmak, agalygy ulgamyny ortadan aýyrmak we ýurduň ähli edaralarynda milli hem-de erkiň özygtyýarlylygy üpjün etmek üçin millet bilen jebisleşendiklerini aýtdy.
Erdogan terrorizmiň ähli görnüşlerine egilşiksiz garşy durýandyklaryna garamazdan, 86 million raýatyň asuda we agzybir ýaşamagyny üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görülendigini aýtdy. Ol: "Biz goşunymyzyň ýarym asyrlap öz maksatlaryna ýetmegine päsgel beren ganly zynjyry, milletimiz bilen bilelikde böwüsmekde ygrarly" -diýip, biribaryň goldawy bilen ahyrky netijede terrorsyz Türkiýe we sebit maksadyna ýetiljekdigini aýtdy.
Erdogan hatynda şeýle diýdi: "Sizi ynandyrasym gelýar: Biz edýän işimize doly göz ýetirýaris; strategiki düşünje bilen iňňän beýik maksada tarap barýarys". "Bu etapda hiç hili söwdalaşma, eglişik ýa-da gizlin we ýerliksiz synanyşyga üçin orun berilmedi we geljekde-de ol şeýle bolar".