SYÝASAT
2 minut okamak
Gazada Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalan žurnalistleriň sany 232-ä ýetdi
Palestinli fotohabarçy Adem Abu Harbid Gaza şäherinde öldürildi. Metugat gullugy hüjümden Ysraýylyň we Günbatarly ýurtlaryň jogapkärdigini mälim etdi.
Gazada Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalan žurnalistleriň sany 232-ä ýetdi
25 juillet 2025

Gabaw astyndaky sebitiň Metbugat gullugyndan berlen beýannama görä, Gazada Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde öldürlen žurnalistleriň sany 232-ä ýetdi.

Metbugat gullugyndan berlen beýannamada, “Gazzada dowam edýän genosidiň başlan gününden bäri öldürlen žurnalistleriň sany fotohabarçy Adem Abu Harbidiň öldürilmegi bilen 232-ä ýetdi” diýildi.

Birnäme metbugat gullugy bilen işleşýän palestinli fotohabarçy Adem Abu Harbid, Ysraýylyň Gaza guran howa hüjüminde aradan çykdy.

“Anadoly habarlar” gullugynyň berýän habaryna görä, Abu Harbid, Al Ýermuk bazarynyň golaýyndaky çadyrlary nyşana alan Ysraýylyň dikuçar hüjüminde 3 garyndaşy bilen birlikde öldürildi.

Howa hüjüminde Abu Harbidiň aýaly bilen çagalary hem ýaralandy.

Metbugat gullugy, Ysraýylyň žurnalistleri nyşana almagyny ýazgardy we halkara we sebitara metbugat gulluklaryna bu waka berk garşylyk görkezmekleri üçin çagyryş berdi.

Beýannamada “Bu wagşy we adamzada garşy edilýän jenaýatlardan Ysraýyl bilen birlikde ona goldaw berýän ABŞ, Britaniýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly ýurtlar jogapkär” diýildi.

 

Ysraýyl, Gazada dowam etdirýän genosidinde esasy bölegi zenanlar we çagalar bilen birlikde 59 müň 500-den gowrak palestinlini öldürdi.

Ysraýylyň hüjümlerinde Gaza ýer bilen ýegsan edildi, saglygy goraýyş merkezleri hatardan çykaryldy. Hüjümler sebäpli sebitiň ýaşaýjylary açlyk howpuna sezewar.

Halkara Jenaýat kazyýeti, noýawr aýynda Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen ozalky Goranmak ministri Ýoaw Gallandyň adamzada garşy harby jenaýat edendikleri sebäpli tussag edilmegi boýunça karar kabul edipdi.

Ysraýylyň Gazadaky söweşi sebäpli Halkara Adalat diwanynda hem genosid iş gozgalypdy.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us