Ýuwaş umman sebitinde sunami boýunça berilen duýduryşlarynyň aýrylmagyndan soň Russiýanyň Kamçatka ýarym adasynyň ýalpaklarynda deňiziň düýbünde bolan güýçli ýer titremeden son kenarýaka sebitlerinden ewakuasiýa edilen millionlarça adam öýlerine dolanmaga başlady.
1900-njy ýyldan bäri bellige alynan iň uly ýer titremelerden biri bolan 8,8 bal ululygyndaky sarsgyn Ýaponiýada, ABŞ we Ekwador ýaly ençeme ýurtda sunami sebäpli duýduryş berildi.
Käbir sebitlerde tolkunlaryň 4 metre çenli beýgeljekdigi hakynda duýduryşlar uly bökdençlikleri ýüze çykardy.
Peru Ýuwaş ummandaky portlarynyň esasy bölegini ýapdy, Hawainiň Maui adasyna edilýän uçar saparlary bes edildi.
Çarşenbe güni agşam betbagtçylyk bilen bagly aladalaryň azalmagy bilen birlikde ýurtlar duýduryşlary ýekän-ýekän bes edip, dolulygyny aýyrdy.
Ýaponiýanyň duýduryşlary bes etmezinden ozal 2 milliona barabar adama has belent ýerlere gitmekleri maslahat berildi.
2011-nji ýylda bolan sunamide hatardan çkykan Fukuşima atom elektrik bekediniň işgärleri hem gysga möhletli ewakuasiýa edldi.
Ýerli habar beriş serişdeleri gaçmaga çalyşýarka ulagy bilen eňňitden uçan bir zenan sürüjiniň Ýaponiýadaky ýeke-täk adam pidasydygyny mälim etdi.
Çiliniň İçeri işler ministrligi ýurduň taryhyndaky “belkem iň uly ewakuasiýa” diýlip häsýetlendirilen operasiýanyň çäginde 1,4 million adamy kenarýaka zolaklaryndan çetleşdirdi.
Resmiler adam pidasy ýa-da çekilen ýitgi hakynda hiç hili maglumat berilmändigini we tolkunlaryň 60 santimetre çenli göterilendigini beýan etdi.
Ekwadoryň Galapagos adalarynda tolkunlaryň 3 metre çenli beýgelmegine garaşylandygyna garamazdan bir metre çenli göterildi we haýsydyr bir ýitgi çekilmedi.
Syýahatçylar gezelenç gaýyklaryndan gysga möhletli ewakuasiýa edildi we degişli sebitlerde mekdepler ýapyldy.
Iň agyr ýitgini Russiýa çekdi
Sunaminiň Russiýa agyr zeper ýetirendigi nygtalyp, Sewero-Kurilsk port şäherçesindäki ýerli balyk zawodynyň sil sebäpli ýykylandygy habar berildi.
Russiýanyň döwlet teleýaýlymynda görkezilen ýazgylarda binalaryň enjamlaryn deňize gidýändigi görülýär.
Ýer titremäniň uludygyna garamazdan Russiýanyň uzak gündogarynda kiçi göwrümli ýitgilere we ýeňil ýaralanmalara sebäp boldy.
Alymlar şeýle hem ýer titremeden gysga möhlet soň Klýuçewskoý wulkan dagynyň ýarylandyğyny “gyzgyn lawalaryn” eňňitlerden akandygyny we partlamalar bolandygyny beýan etdiler.
ABŞ-nyň Geologik barlaglar edarasy ýer titremäniň 1900-njy ýyldan bäri global derejede bellige alynan iň uly 10 ýer titremesidigini habar berdi.
Rus seismologlary ýakyn gelejekde 7,0 baldan uly sarsgynlaryn boljakdygyny duýdurdylar.