Daşary işler ministri Hakan Fidan, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren beýannamasynda, Ysraýyň Siriýanyň bölünmeginden peýdalanýandygyny belledi.
Fidan “Şaranyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň alyp barýan tutumy bilen çäkli mümkinçiliklerine garamazdan sebiti hem-de halkara jemgyýetçiligini kanagatlandyrýandygyna ynanýaryn” diýdi.
ABŞ-nyň Siriýadaky we sebitdäki roly hakynda durup geçen Fidan, Waşingtonyň Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklaryndan daşary sebitde uly rol oýnaýandygyna ünsi çekdi.
Siriýa bilen goranmak pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlyk hakynda hem durup geçen Fidan, Türkiýäniň bu ugurdaky hyzmatdaşlyga hemişe goldaw berendigini ýatlatdy.
Daşary işler ministri Fidan hepdäniň başynda beren beýannamasynda, Siriýadaky toparlar bölünen we durnuksyzlyk ýüze çykan halatynda, Türkiýäniň muny milli howpsuzlygyna abanýan howp hökmünde kabul etjekdigini we degişli çäreleri görjekdigini aýdypdy.
Ysraýylyň sebitde dartgynlygy möwjedýändigini aýdan Fidan, Ysraýylyň sebitde durnukly ýurduň bolmagyny islemeýändigini we Siriýany bölmegi maksat edinýändigini belledi.
Hakan Fidan, Ysraýylyň guran hüjümlerinden soň Siriýanyň günortasynda başdan geçirlen wakalar bilen ýakyndan gyzykýandyklaryny aýtdy.
Halkara jemgyýetçiniň Siriýanyň durnuklylygy üçin tagalla edýändigini aýdan Fidan, emma Ysraýylyň ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy baradaky ähli tagallalary bökdemäge çalyşýandygyny ýatlatdy.
Türkiýäniň sebitde çaknyşyklaryň we söweşleriň bes edilmegi üçin edýän tagallasyny dowam etdirýändigini aýdan Fidan, ýurdunyň diplomatik tagallalara hemişe goldaw berendigini ýene-de bir gezek ýatlatdy.