ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, duşenbe güni beren beýannamasynda, Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpin bilen duşuşmak talabynyň bolmandygyny, Sizinpinden çakylyk gelen halatynda Hytaýa gidip biljekdigini aýtdy.
Tramp, Trut Sosial platformasyndan beren habarnamasynda “Ýalan habar gullugy, Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si bilen duşuşuşmak isleýändigi ýazgar. Bu dogry däl”diýip belledi.
“Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysyndan çakylyk gelen halatynda Hytaýa gidip bilerin we çakylyk geldi. Şeýle bolman halatynda bu mesele bilen gyzyklanmazdym. Bu mesele bilen şeýle ýakyndan gyzyklanýandyňyz üçin size minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.
ABŞ-nyň Gazna ministri Skott Bessent bilen Hytaýyň Wise-premýeri Hi Lifengiň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek söwda gepleşikleriniň üçünji tapgyry çarşenbe gününe çenli Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda geçirler.
South Jhina Morning Post’un berýän habaryna görä, Pekin bilen Waşingtonyň duşenbe güni Stokgolmda başlan söwda gepleşiklerinde gümrük salgydy boýunça gazanylan ylalaşygyň möhlediniň ýene-de 3 aý uzadylmagyna garaşylýar.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýekşenbe güni beren beýannamasynda, hökümetiň ýakynda Hytaý bilen söwda şertnamasyny baglaşyp biljekdigini aýdypdy, emma mesele hakynda giňişleýin maglumat bermedi.
Tramp, Şotlandiýada Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bilen geçiren gepleşiginden soň metbugata beren beýannamasynda “Hytaý bilen ýakynda şertnama baglaşarys. Aslynda ylalaşyk gazanyldy, emma onuň nähili dowam etjekdigini göreris” diýipdi.