TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiye Indoneziýa bilen 48 sany KAAN harby uçaryny eksport etmek boýunça ylalaşyk baglaşdy
Ylalaşyk, Ankaranyň goranyş pudagynda netijeliligini giňeltmegiň bir bölegi hökmünde 10 ýylyň içinde tamamlanjak tehnologiýa geçirişini we bilelikdäki önümçiligi öz içine alýar.
Türkiye Indoneziýa bilen 48 sany KAAN harby uçaryny eksport etmek boýunça ylalaşyk baglaşdy
July 27, 2025

Türkiyäniň Awiasiýa we älem senagaty kärhanasy (TUSAŞ), Indoneziýanyň goranyş senagaty kärhanalary PT Dirgantara Indonesia ve PT Republik Aero Dirgantara bilen 48 sany KAAN harby uçaryny eksport etmek barada şertnama baglaşdy.

Ylalaşyk Türkiyäniň Stambul şäherinde geçirilen Halkara Goranmak Senagaty sergisinde (IDEF) baglaşyldy. Önümçilik, inženerçilik we tehnologiýa geçirişinde hyzmatdaşlygy öz içine alýan şertnamanyň 120 aýyň içinde tamamlanmagy meýilleşdirilýär. Uçaryň hereketlendirijileri Türkiyede öndüriler.

Goranmak senagaty edarasynyň başlygy Haluk Görgün bu şertnamanyň iýun aýynda gol çekilen hökümetara çarçuwaly şertnamadan soň baglaşylandygyny we satuwyň iki ýurduň arasyndaky goranyş gatnaşyklarynda "taryhy pursat" bolandygyny aýtdy.

Görgün: "Bu pursaty bilelikde başdan geçirýändigimiz üçin çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin. Hem tolgunýarys hemde buýsanýarys. Bu hyzmatdaşlygyň üsti bilen, Indoneziýada ýerli senagat infrastrukturasynyň döredilmegini goldamagy hem önümçilikde hemde inženerçilikde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýäris" diýdi.

Görgün, KAAN harby uçarlarynyň satuwy bilen bagly beýleki ýurtlar bilen gepleşikleriň geçirlip-geçirilmeýändigi bilen bagly soraga Görgün "Köp ýurt bar. Wagtyň geçmegi bilen jikme-jiklikleri paýlaşarys" diýdi.

Türkiyäniň ilkinji ýerli önümçiligi bolan KAAN harby uçary ilkinji uçuşyny 2024-nji ýylyň başynda amala aşyrdy. Dizaýn edilen üç prototipiň galan ikisiniň 2026-njy ýylyň aprelinde ýaňadandan uçmagyna garaşylýar. Köpçülikleýin önümçiligiň birinji tapgyrynyň meýilleşdirmegi tamamlandy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us