DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa Baltika deňzinde suwasty gämi hüjümlerine garşy türgenleşik geçirýär
Russiýanyň Goranmak ministrligi Harby-deňiz güýçleriniň Baltika deňzinde "suwasty sabotažlara" garşy goranyş türgenleşiklerini geçirendigini habar berdi.
Russiýa Baltika deňzinde suwasty gämi hüjümlerine garşy türgenleşik geçirýär
August 23, 2025

Russiýanyň Goranmak ministrligi anna güni beren beýanatynda suwwaz birikmeleriniň, suw asty sabotažçylary anyklamak we tussag etmek başarnyklaryny, mundan başgada galp duşmana degişli sürüjisiz gaýyklary ýok etmek üçin FPV dronlaryny ulanmak başarnyklaryny görkezendikleri habar berildi.

Şeýle hem, türgenleşikleriň deňiz güýçleriniň suwasty gämä garşy gorag bölümlerini gözden geçirmäge gönükdirilendigi mälim edildi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp iki sany ýadro suwasty gämisine şu aýda ikinji suwasty gämi goranyş türgenleşigini geçiren Russiýa garşy durmak üçin 1-nji awgustda sebite has ýakynlaşmaklary barada görkezme beripdi.

Awgust aýynyň birinji hepdesinde rus we hytaý deňiz güýçleri Ýaponiýa deňzinde duşman suwasty gämisini awlamak we ýok etmek üçin türgenleşik geçiripdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us