DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hytaýda ýagyş we sil sebäpli 30 adam ýogaldy
Resmi Şinhua habarlar agentliginden berlen habarlara görä, Pekinde ýagan aşa ýagyşlar sebäpli 30 adam ýogaldy.
Hytaýda ýagyş we sil sebäpli 30 adam ýogaldy
29 июля 2025 г.

Şinhua habarlar agentligi, ýagan ýagyşlar sebäpli Pekinden 80 müňden gowrak adamyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy. Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin adam pidalaryny azaltmak üçin "ähliumumy" halas ediş işleriniň geçirilmegi barada buýruk berdi.

Resmi Şinhua habarlar agentliginden berlen habarlara görä, Pekinde ýagan aşa ýagyşlar sebäpli 30 adam ýogaldy.

Şinhua habarlar agentligi sişenbe güni beren beýanatynda, Pekinde we onuň töweregindäki welaýatlarda aşa ýagan ýagyşlaryň duşenbe güni has hem artandygy we paýtagtyň demirgazyk sebitlerinde dowam edýän şol arakesmesiz aşa ýagyşlaryň 543,3 mm çenli ýetendigi habar berildi.

Beýanatda Pekiniň demirgazygyndaky daglyk sebitindäki Miýunda 28 adamyň ýogalandygy, 2 adamyň bolsa Ýangingde ýogalandygy mälim edildi.

Şinhua habarlar agentligi tarapyndan berlen maglumata görä aşa ýagan ýagyşlar sebäpli Pekinde 80322 adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigi aýan edildi.

Duşenbe güni Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin adam pidalaryny azaltmak üçin "ähliumumy" halas ediş işleriniň geçirilmegi barada buýruk berdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us