Içeri işler ministrliginden berlen beýannama göra, Germaniýa maý aýynda konserwator şäriklik hökümetiniň işe girilmeginden bäri 10 müňden gowrak bikanun immigrantyň ýurda girmeginiň öňü alyndy.
Federal Kansler Merziň ýakyn hyzmatdaşy Içeri işler ministri Dobrint hepdelik “Stern” žurnalyna beren beýannamasynda, serhetde görlen berk howpsuzlyk çäreleriniň netijelidigini we hökümetiň şol çäreleri sentýabr aýynyň ahyryna çenli dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
“8-nji maýdan bäri serhetlerimizden 10 müňden gowrak bikanun immigranty yzyna ugratdyk”diýen Dobrint, hökümetiň gören berk howpsuzlyk çäreleriniň öz netijesini berýändigini we Germaniýanyň alyp barýan immigrantlar syýasatynyň üýtgändigini hemmeleriň görýändigini nygtady.
Dobrint “Bu üstünligiň dowam etdirilmegi üçin serhetlerde sentýabr aýynyň ahyryna çenli berk howpsuzlyk çärelerini görmäge dowam ederis. Halkara hukugyna we Ýewropanyň hukugyna laýyklykda serhetlerde berk howpsuzlyk çäreleri görülýär” diýdi.
ÝB-niň ykdysady taýdan iň güýçli ýurdy bolan Germaniýa, häzirki wagtda esasy bölegi ýurtlaryndaky söweşden we çaknyşyklardan gaçyp ýurda gelen ukrainalylaryň, siriýalylaryň we owganlaryň başda durmagynda 3,5 million immigranta ýer eýeçiligini edýär.
Federal Kansler Merz, fewral aýyndaky saýlaw kampaniýasynda bikanun göçüň öňüni almak üçin berk howpsuzlyk çäreleriniň görüljekdigini aýdypdy.
Maý aýynda hem şäriklik hökümetini gurandan soň, goňşy ýurtlar bilen serhetleri berk gözegçilik astyna almaga başlady. Germaniýanyň bu başlangyjy dartgynlyga sebäp boldy. ÝB-niň agzasy bolan goňşy ýurtlar Germaniýanyň bu tutumyna garşylyk görkezdi.
Germaniýanyň serhetlerini berk gözegçilik astyna almagy esasan gündogardaky goňşusy Polşa bilen dartgynly günleri başdan geçirmegine sebäp boldy.
Resmi Warşawa, Germaniýany bosgunlary Polşa gönükdirmekde günäkärledi.